GU­ÝU­LY GÜR­RÜŇ

Öňüm­de otu­ran go­ja­nyň her bir gür­rü­ňi­ni üns bi­len diň­le­ýär­dim. Ol ýa­rym asyr­dan öň­ki gören-eşiden wa­ka­sy­nam düýn bo­lan ýa­ly edip aýd­ýar­dy. Bu bol­sa onuň ýat­keş­li­gin­den ha­bar ber­ýär­di. Ara­sy­na maý ber­män gür­leý­şi, onuň bu çak­da kim­dir bi­ri bi­len gür­rüň­deş bol­ma­ny­na gü­wä geç­ýär­di. Tog­san ýaş­ly çar­wa go­ja­sy dü­ýe­li gür­rüň­den tut­du­ran­da-da, og­lan­lyk döw­rün­dä­ki ba­şyn­dan ge­çiren­le­ri­ni gür be­ren­de-de he­zil­ler ed­ýär­di. Mu­ňa özü­mem iki bo­lup bi­le­mok­dym. Men onuň ýa­ny­na nä mak­sat bi­len ge­le­ni­mi baş­da aý­da­nam bol­sam, şo­ňa ýet­ýän­çäk es­lije wagt ge­rek bol­dy. Şol ara­lyk­da­ky bo­lan gür­rüň­le­riň bir bö­le­gi­ni ga­ze­ti­mi­ziň ge­çen san­la­ry­nyň bi­rin­de «Ça­ran­ly çar­wa­nyň gür­rüň­le­rin­den» di­ýip oky­jy­la­ry­my­za ýe­tirip­dik. Gu­ýu­ly gür­rü­ňi­mi­zem gönüden-göni şo­nuň do­wa­my. Şol ýaz­gy­ny oka­ma­dyklar üçin gür­rü­ňi edil­ýän go­ja­ny ta­na­da­ýa­ýyn. Oňa Me­re­diň og­ly Sa­ry­ja diý­ýär­ler. Il için­de we­lin, Ka­ka­baý aga ady bi­len ta­nal­ýar. Otur­ýan ýe­rem Ýer­ben­diň tö­we­re­gindä­ki gum için­dä­ki Ça­ran oba­sy. ON­DA NÄ­ME, GE­ZEK KA­KA­BAÝ AGA­NYŇ­KY:

— Hawa-da, gu­ýy gazmaly diýseler, jahyllyk bilen çuňuna-da bardyk, ýalpagyna-da... Üýşüp gazmaly zat-da bü. Tehnika gelensoň-a ellinji ýyllardan bärde örümli guýy gazanam däldiris. Örümli guýyny gazmak aňsadam däl. Emelkeşje ussa gerek. Emelkeşligem her kime berläýenok. Ozal Oraz ata diýip bir ussa bolupdyr. Men ony göremok. Eýeberdi aga diýibem biri bardy. Bokurdakdan. Oraz ata bilen bileje guýy gazan adam şol. Ana, olam hakyky ussady. Ony gördüm men. Oraz ataň gazan guýusy bar-a ho ýerde, Oýukly diýýändirler. Şonda ýaňy-ýaňam ýykylman otyrdy. Oňa Hudaý beren adam. Oraz ataň ýanynda bolup, guýy gazmany öwrenenlere-de, ynha, bi Baýmyrat aga, Aňňa aga diýerdiler. Bularam aňrybaşy ussa bolmasalaram, guýy gazyp ber diýseň, gazardylar. Şularyň ýanynda guýy gazmaga kömek edip kän gezendirin.

Hawa-a... «Ýer ala — ýurt ala» diýleni. Her ýeriň özüne kybabrak guýulary bolýar. Aýdaly, biziň oýumyz ýedi gulaçdan (bir gu­laç — ortaça hasap bilen bir ýarym metr) suw berýän bolsa, gündogar ýüzümizdäki Sowmaň guýusy on iki gulaçdyr. Sowma bizden gaty daşam däl. Garagum bolany bilenem, bar ýeri meňzeşem däl. Gum diýer, gyr diýer, ala diýer, dürli-dürlüdir. Guýularam şeýle. Ynha, biziň oturan oýumyz takyrlydyr. Takyrly oýlardaky guýulara — «çyr­la» diý­ýän­dir­ler. Asla bar-a, şundan gündogara gitseň, Garryja, Bussy, Ýel, Kelleli diýer, Tejeniň aýagyna barynçaň takyrly oýlar kändir. Tejenden aňyrsyny bilemok. Gidip görmedim. Gündogarragymyzdaky Mämmetýardan gaýrak gitseňem, takyr azdyr. Tä «gyra» barýançaň...

Takyrlara ala-da diýäýýärler. Şyr alalar ýagan ygalam özüne siňdirýän däldir. Bu suwam, çydaman, ahyry bir ýere guýýar. Şoňa biz-ä «guýma» diýäýýäs. Bir günüň, iki günüň suwy däl. Köp wagtyň dowamynda. Şol guýmaňam töwereginden gazan guýyň «çyrla» guýusy bolar duruberer. Ol öz-özünden «çyrla» bolaýanok. Ýaňky gazan guýyň suwy ajy bolýar. Indi şol ajy suwy «guýmadaky» ygal suwunyň hasabyna içer ýaly etmeli. Öz-özünden «çyrla» bolanok diýýänim şo. «Guýmaň» töwereginden gazylýanynyň asyl sebäbine düşündiň gerek?! «Guýmadaky» süýji suw gazan guýyň ajy suwuna topragyň gaty bilen goşulýar. Tebigy ýagdaýda. Süýji suwam ýeňil bolansoň, ajy suwuň üstündedir. Şoňa-da guýyň «gyrgyny» diýilýär. Ana, şol gyrgyny içilýändir. Gowaňy çümdürmän, ýüzünden gyryp alsaň-a, süýjüje suw içersiň. Çümdürip, aşagyndaky bilen garyp alsaňam, ajy suw içersiň. Birsellem degmeseň, guýynyň «gyrgyny» köpeler. «Çyrla» diýilýän guýularyňky ygal bilendir. Ygal bolmasa, ýyl gurak gelse, «çyrla» guýudan süýji suw içip bilmersiň.

Ýaz aýlary, birem tomsuna mal-gara «çyrladan» suw içenini kem görenok. Gün gyzyp ugransoň malgara-da ajy suwdan «suwlanok-da». Agzyny basanam bolýar. Göwni hoş däl-dä. Wah, güýzüne, gyşyna ajy bolsa-da, «golajyň» suwy bilen oňýarlaram. «Golajy» diýilýänmi?! Aklaňlyrak ýerden, takyrsyz oýlardan «aý, şu ýerden gazsam, mal içer ýaly çykar-da» diýip, gazylaýýan guýy. «Golajynyň» guýusynyň gyrgyny bolmaz. Ýokarsy-aşagy ajydyr.

«Çyrla» guýam, «golajy» guýusam örümli edilerdi. Örümli guýularyň gazma ýagdaýy diýilýänemmi?! Aýdaly, ynha, men guýy gazdyrjak diýeli. Men öňünden taýýarlyk görmeli. Örüm kesmeli. Örüm diýilýänem sözenden bolýar. Sazakdan-a bolanok. Sazag-a guýyň düýbüne gaçsa, suwy ajydýar-da, adamyny «tutaýýaram». Ojarmy?! Ojar diýilýän bilen sazak birdä. Örümem gyşda kesersiň. Sözeni sowuk uranda. Örümiňem mukdary biziň şu oýumyzda bir müň iki ýüz-bir müň üç ýüz. Guýy çuňrak bolsa, iki müňe-de barýar. Örümlik agaçlaryň taýýar bolansoň, ussa geler-de, örümiň gowy agaçlaryndan saýlap alyp, guýyň düýbüne çöwlük ýasamaga durar. Çöwlük hem berklik üçin, hemem suwy syzdyryp geçirer ýaly. Ik-üç gün-ä çöwlügem iş bolýandyr. Çöwlügi örüp bolaňsoňam, üç-dört düýe gury gandymy döwüp-döwüp, çöwlügiň daşyna geçirsiň. Geçiren gandymyňam dagamasyn diýip, erkek selniň palajyndan bilek ýaly porruk işmelisiň. Çöwlügiň daşyndan ýüp ýaly edip çekmäge. Şeýdip çöwlügi tigirläp goýberäýmeli edilýär. Görseň, ýöne tahýa bezelen ýalydyr. Çöwlügiňem gaty berk, arkaly bolmaly. Guýy çökýär diýilýänem şol çöwlügiň dagamagyna diýilýändir. Ýene bir zat, olam çöwlük aşakdaky suwy süzüp geçirýär. Çäge-beýlekini.

Şeýdip çöwlük taýýar bolar welin, ussa guýynyň içini gazmaga duruberer. Adam boýragy, ondanam çuňrak edip gazar-da, taýýar eden çöwlügini düşürer. Ussa çöwlügi düşürensoň, aşajyklaryny endiganja köwüp barýandyr. Çöwlügiň aşagyny alaňsoň, aşagy boş bolansoň, agramyna süýşäýýär. Çöwlügiň arkasyna-da içinden çykaran gumuňy atarsyň. Çöwlügi düşürip barýaka, guýyň ýokarky üdeginem (guýynyň entek örülmedik boş diwary) sözenden örüp barýandyr. Şeýdip çöwlügem öz agramyna aşak düşüp barýandyr. Ony aňyrrak köwläýseň-e, çöwlük şo taýyk gidýär-de, guýyň gyşarýar. Çalarak gyşartsaň, guýyň gyşyk bolar. Gyşyk bolsada, bolanok-da. Ynha, ussaňam ussa diýdirýän ýeri şu ýerde. Şeýdipjik suwa eltýändir. Kyndyr. Çöwlük suwa baransoňam, işi bardyr. Suwy bilen serpip, çöwlügi şeýdip ýene aşak düşürmeli. Şunda-da ussa gaty ukyply bolmaly. Guýy taýýar bolansoň, agzyna gum galdyrsyň. Çäge syrap gömmez ýaly. Utun dikersiň (çarh berkitmek üçin guýynyň agzyna dikilýän agaç), urgan işersiň. Guýy diýilýäniňem ýagdaýy şeýleräk. Görseň ýöne, aňsat däldir. Şeýdip-şeýdip kän guýy gazylandyr. Biz-ä ýöne ussaň ýanynda kömek edip gezdik. Ussa bolubam gezmedik-le. Şu oýda dagy ýigrimä golaý örümli guýy bardy. Gömlüp gitdi. Gum içinde birlän-ikilän örümli guýy galan bolmagy hem mümkin. Ony biljek däl. Başga-da näme aýdaýyn?! Ýadyma düşýänje zatlar-a şular. Ýurt giň. Näme, aýlanyp ýörseň, guýyň gazylyşyny bilýän adamlar galan bolmagy mümkin. Ýöne pylan ussa bardyr diýip, salgy berip biljek däl...

Şeýdip Kakabaý aga bi­len gür­rü­ňi­miz ýa­ry gi­jä çen­li do­wam et­di. Ol he­ni­zem ýa­dar­ly däldi. Gaý­tam, ma­ňa: «Sen men­den ar­ka­ýyn bol. Gije oň­ly uky­mam bo­la­nok. Gür­le­şe­ris otu­ra­rys. Ýok, «Men-ä ýa­taý­jak» diý­seňem, ýe­ri­ňi sa­lar­lar» diýdi. Şol bar­ma­na-da ýö­räp barýan kiçijek içýana gö­züm düş­di. Içim­den: «Çö­lüň gi­je­ki he­re­ke­ti baş­lad-ow» diý­dim. Şondan so­ňam otu­ran bolsak, ýa­rym sa­gat çe­me­si otu­ran­dy­rys. Uzak ýo­luň ar­gyn­ly­gy­my, go­ja­nyň be­ren gür­rüň­le­ri­ni kelläm­de jan­lan­dyr­jak bola­nym­dan­my?! Bi­le­mok. Ýa­daw­lyk endam-janyma ýaý­rap baş­la­dy. Säh­ra ýe­re ge­leň­soň, da­şar­da ýat­ma­gyň aý­ra­tyn lez­zeti bar­dy. Agaç­dan edi­len se­ki­niň üs­tü­ne ýa­zy­lan dü­şe­ge özü­mi goý­ber­dim. De­pe-gol­la­ry aşyp gel­ýän säh­ra ot-çöp­le­ri­niň burnu­ňa ur­ýan ysy, gi­jä­niň için­de oýa eň­ýän dü­ýe­leriň ta­pyr­dy­la­ry... Aw­gust aýy­nyň or­ta­sy bolsa-da, ho­wa­nyň çig­re­ji­gi... Bular ma­ňa säh­ra gi­je­si­niň asu­da­ly­gy­ny duý­ma­ga päs­gel ber­män, ha­ma­la, hüw­dü­le­ýän ýa­ly­dy. Ahyry uka gi­dip­di­rin. Ir­den oýa­na­nym­da bol­sa, azajyk üşe­je­gem bo­lup­dy­ryn. Şon­da-da giň säh­ra­da­ky dört-bäş sa­gat­lyk uky­nyň ma­za­sy üýt­ge­şik­di...

“Nesil” gazeti,

20.10.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR