(GEÇEN ASYRYŇ 70-80-nji ÝYLLARYNDA TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ SÖÝGÜSINI GAZANAN «BAHAR» RADIOGEPLEŞIGI BARADA SÖHBET)
Adatça, bilbiller baharda nagma kakýarlar. Özem gaty ir — saba-säherlerde. Çaganyň boýy ýetmeýän bir zady almakçy bolanda, aýaklarynyň daraklygyna galyp, boýunjygyny süýndürip, ýokaryk ymtylyşy ýaly, gijäniň gündiz bilen duşuşmaga gyssanýan çagynda — alagaraňkyda saýrap başlaýarlar. Şirinligi bilenem onki süňňüňi bogunma-bogun söküp, ýüregiňi heýjana getirýärler. Onsoň bilbilleriň şeýle näzik owazyny töwerek ak gara bürenip, ýerde dyz boýy gar ýatyrka diňlemegiň lezzeti öz-özünden düşnüklidir. Alypbaryjynyň: «Gepleýär, «Bahar» radiostansiýasy!» diýerine mähetdel kah-kah urýan bilbiller kalbyňa gonarlar-da, her bir diňleýjini bahar ýaly joşgunly ýaşlygyň gözel kenaryna çagyrar. Şol sebäpli-de, geçen asyryň 70-nji ýyllarynda «Bahar» ähli türkmen ýaşlarynyň söýüp diňleýän radiogepleşigidi. Her hepdäniň anna güni oňa sabyrsyzlyk bilen garaşylýardy. Tomus aýlary Gün giç batansoň, agşam sagat 10 diýeniň derrew bolaýýar. Gowaça otap, gawun ýygyp, kerpiç guýup, ot desseläp... gelip, ýaňy bir agşamlygyň başyna geçersiň welin, eýýäm obanyň telegraf sütünleriniň iň berdaşlysyna oturdylan radio bilbilleriň sesinden, sazyň näzik owazyndan ýaňa gepläýjek-gepläýjek bolup durandyr. Onsoň, agzyňa salan bir döwüm çöregiňem çaltrak çeýnäp, aňryňa geçireniňi kem görmersiň. Birden, güýmenip ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açýan gyzykly gürrüňleriň birini duşumdan geçiräýmäýin diýip, tutuş göwräň bilen gulaga öwrülersiň. Güýz aýaklap, eýýäm irgözinden garaňky gatlyşanda ýa-da gyşyň sowuk günlerinde bolsa, hiç wagty bilen «Bahar» başlanmaz.
Gündiziň ýadawlygyndanmy, sowujak howasyndan bezigen bedeniň ýyly pejiň başynda meýmiräp, uky atyňy boşadyp goýberer. Öýüň ukusyzrak ýaşulularynyň birinden oýatmagy öňünden haýyş edibem bolsa, hökman «Bahary» diňläýmelisiň. Diňe bir gepleşigiň dowamynda berilýän täze aýdymlar, ýaş şahyrlaryň okaýan goşgulary seni özüne bendi edip oňmaz. Her bir ýaş diňleýji üçin şol gezekki sanyny kimiň taýýarlandygy hem diýseň gyzyklydyr. Sebäbi gepleşigiň redaktorlarynyň her biriniň özboluşly taýýarlaýyş usullary bardyr. «Bahar» radiostansiýasynyň şol wagtky redaktorlary Gurt Garýagdyýewdir Baýram Welmyradow dagy çopan-çoluklaryň, traktorçy-mehanizatorlaryň, ädikçidir tüýdükçileriň, umuman, ala meýdanlaryň eýeleri bolan ýaş ýigitleriň işi, durmuşy, üstünlikleri we şowlulyklary hakda köpräk gürrüň ederdiler. Haçanda «Baharda» boýdan-başa ýaş gelin-gyzlaryň hünärleri, el işleri, mylaýymlygy, gaýyn-gelin gatnaşyklary, maşgalada türkmen gözelleriniň orny barada söhbetdeşlikler köpräk goýberilende bolsa, diňleýjileriň her biri iň bolmanda içinden: «Baharyň şu sanyny hökman Akjemal Nyýazmyradowa — Akjemal gelneje taýýarlandyr» diýip, misilsiz güman ederdi. Onsoň öz ýanyňdan «Bahar» gepleşigini taýýarlaýjylar, hususan-da, Akjemal gelneje bilen duşuşyp, synpdaşlaryň, ýyldaşlaryň, joralaryň durmuş ýoly, edýän işleri, alýan bäşlikleri, hatda söýgi duýgulary hakynda hem gürrüň beresiň gelerdi.
Ine, şol arzuwlar içre ýaşaýanlaryň biri bolsagam, ykbal nesibesi bilen birnäçe ýyllap telegepleşik taýýarlap, ugurdaşrak zähmet çekenem bolsak, diňe aradan kyrk ýyldan gowrak wagt geçenden soň, bu ruhubelent, galdaw, 82 ýaşyndalygyna seretmezden, tüweleme, barjak ýerine baryp, geljek ýerine gelip bilýän Akjemal ene bilen duşuşmak miýesser etdi. Özem geň ýeri, «Bahar» radiogepleşigi barada gürrüň gozgalan güni Allajan şeýle bir ýylyjak, ýakymly, mahmalyň ýüzi ýaly mymyk güni bize miýesser etdi welin, her mahal agaçlardan gaýyp gaçýan sary ýapraklara salgylanyp, güýz diýäýmeseň, edil bahar paslyň bar-da. Umman ýaly paýhasly enäniň teklibi bilen paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähinde gürleşip oturyşymyza, wagtyň ikindi bolanynam duýman galypdyrys. Töweregimizi gurşap duran oýunçy suw çüwdürimleridir ter gülleriň ysy bolsa, Akjemal enäniň süýji söhbetlerine garyşyp, kalbyňa şeýle bir şirin duýgulary bagyşlaýardy welin, zadyň çaky-çeni däldi. Ol gürrüňleriň arasyndan Akjemal gelnejäniň çagalyk, ýaşlyk, gelinlik döwürleri bitiren ummasyz uly işleri, gepleşik taýýarlamagyň ýollary, umuman, islendik medeni ulgamda işläp, teleradiogepleşik bolsun, makaladyr oçerk taýýarlamagyň ugurlary, bu işde döwrebaplygyň berýän oňyn netijeleri eriş-argaç bolup geçýärdi.
Akjemal gelneje zähmet ýoluna gaty ir başlamaly bolýar. Ejesidir kakasy tirkeş gurap yzly-yzyna, ýurduny täzelänsoňlar, 15 ýaşlyja Akjemal özünden kiçi çülpe jigilerini adam etmek üçin işe durmaly bolýar. Özem okuwyny öňküdenem gowy okap, synpdaşlaryndan saýlanmagy başarýar. Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň rus bölüminde okaýandygyna seretmezden, deň-duşlaryndan birjik-de galman, gaýtam, gazet-žurnallary, rus we daşary ýurt edebiýatlaryny, türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgularyny yzygiderli okap, ýat bekleýär. Irginsiz zähmet, edebiýata bolan söýgi onuň filolog bolmak baradaky islegini gülledýär. Ýöne jigilerini durmuş ýoluna atarýança, onuň arzuwlary hasyl bolmaýar. Akjemal edebiýatçy bolmak özünden entek uzak bolsa-da, iň bolmanda, «Ýazyjy-şahyrlary bir görüp duraryn, olardan köp zatlary öwrenerin» diýen umyt bilen 1965-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň telewideniýe we radiogepleşikler baradaky Döwlet komitetine ses operatory bolup işe ýerleşýär. Ol şol döwürde berilýän «Gyzyl galstuk», «Bökelek», «Islegler boýunça konsert», «Oba durmuşy» ýaly ençeme radiogepleşiklerinde ýazgy edilende operatorçylyk edýär.
Gazet-žurnalda işläp ýörseň ýada teleradiogepleşiklerine dahylly bolsaň, käwagtlar öz borçlaryňa girmeýän işlere hem nähili goşulyp gideniňi bilmän galýarsyň. Işine bolan söýgi Akjemal gelnejede hem şeýle ynsanperwer häsiýetleri has kämilleşdirýär. Ýazgy ýok günlerinde gelýän ýaş şahyrlardyr halypalaryň goşgy-gazallaryny alyp galmaly bolsa-da ýa-da redaktor bir sebäbe görä meýdan işlerinden gepleşik taýynlamaga giden wagty studiýa habarsyz gelen işçilerdir talyp ýaşlary ýazgy etmeli bolsa-da, ol ýaltanmaýar. Şeýlelikde, «Töwekgeliň işini Taňry bitir» diýleni bolýar. Yhlasly Akjemal ses operatorlygynyň daşyndan redaktorlyk işini hem kemsiz öwrenýär. Şeýlelikde, ol 1970-nji ýylda redaktor bolup işe başlaýar. Ençeme gepleşikleriň edebi esasyny ýazýar. Türkmen iliniň dürli sebitlerinde zähmet çekýän ýaşlaryň durmuşy onuň üçin aýratyn gyzyklydy. Sebäbi ýaňy otuzdan geçen ýaş gelniň öz durmuşy hem şolar bilen baglydy. Şeýdip ol redaktorlyk işiniň daşyndan A.M.Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetine gaýybana okuwa girýär. Ol radioda taýýarlanýan gepleşikleriň arasynda «Bahar» radiostansiýasyny aýratyn gowy görýär. Bu baradaky matlabyny ýolbaşçylara ýaňzydanda bolsa, ony ikelläp goldaýarlar. Şeýdip Akjemal gelneje 1974-nji ýylda Ýaşlar redaksiýasynda taýýarlanýan «Bahar» radiogepleşiginiň redaktory bolup işini dowam edýär.
Gürrüň «Bahara» ýetende, garry enäniň gözlerinde üýtgeşik bir şöhläniň peýda bolanyny görüp ýylgyrdym. «Wah, ýaşlygyny ýatlanlarynda ynsanlaryň, heý-de, ýylgyrmaýany barmy?!» diýmegiňiz mümkin. Sebäbi ýaşlygyň özi ynsan ömrüniň bahar pasly-da. Baharda gülleriň gotazlap-gunçalaýşynyň, baglaryň pyntyk ýaryp, ýapraklaýşynyň özi ýaşlygyň keşbi ahbetin. Meniň içki pikirimi aňan ýaly Akjemal ene-de çöňňelişen didelerini görejime dikip, şeýle wakany ýatlady: «Bir gün «Baharyň» täze sanyny mekdepde taýýarlamaly diýen karara geldik. Gyşyň ortaky aýy. Äpişgeden garyň kebelekleýäni görnüp dur. Okuwçylar gepleşigiň taýýarlanyşy barada dürli teklipleri orta atýarlar. Şol barmana olaryň biri: «Näme üçin gepleşigiňiziň adyna «Bahar» goýduňyz? Ine, häzir gyş, siziň gepleşigiňiziň başynda bolsa bilbiller birenaýy saýraşýar. Hany, serediň, şu garda, heý-de, baglarda bilbil saýrap biljekmi?!» diýdi. Nädip ýerimden turup, okuwçy gyzyň ýanyna baranymy bilmän galypdyryn. Goşa örüm saçlary dyzyndan geçip duran, şar gara gözli gyz birhili tisginip gitdi. Jigim jan, ýene bir zatlar gürlesene, sebäbi siz — ýaşlar bahar-ýazyň hut özi ahyryn. Şol saýraşýan bilbiller ýaly gepleşigimizde çykyş edýän ýaşlar öz işlerinden dür saçýarlar. Käbir ýerlerde bolanymyzda, «Baharam bir geplärmi?!» diýýänlerem bar. Hawa, bahar-ýazlar ýaşlygyň gudratyndan, ýaşlaryň kuwwatyndan gepläp bilýär. Bahar — bu ýaşlyk, bu siziň juwan kalbyňyzyň näzik duýgulary, geljek baradaky ýagşy arzuwlaryňyz, eziz Watana bolan biserhet söýgiňiz, ata-eneňize, ilgünüňize bolan sylag-hormatyňyz — diýdim. Okuwçylaryň begençli el çarpyşmalary soň-soňlaram hiç mahal ýadymdan çykmady. Gaýtam, ynam bolup ýaňlandy. Şol ynamam maňa kyn günlerimde hem medet berdi. «Sen kynçylykdan gorkmaly dälsiň, mert bolmalysyň» diýdi. Öňem ir giden käbämdir kyblamdan ýaňa ýüregim ezik bolsa-da, Beýik Biribar ýük çekip bilýär diýip ynanandyr-da. Üç çagam dünýä inensoň, ýanýoldaşym-da agyr kesel zerarly 40 ýaşlarynda dünýäsini täzeledi. Galyberdim çülpe çagalarymdyr garryja gaýnym bilen. Redaktorlyk işimde üstünlik gazanyp, at-abraý almagymda gaýynenem pahyryňam goltgusy uly boldy. Oňa Käbe ejeke diýerdiler. Gyzylarbatda (häzirki Serdar şäheri) gaty ökde halyçy hökmünde tanalardy. Her bir öýdümiň, her bir kesimiň takyklygynyň halynyň hiline, gözelligine täsir edýändigini hälişindi gürrüň berip, soňuny meniň işime syrykdyrardy: «Oňat işle, işe wagtynda bar, her bir tabşyrygy kemsiz ýerine ýetir, sen çagalaryňy adam etmeli» diýerdi. Talapkär, ynjygrak aýal bolsa-da, ýeke gezek ýüzüne gaňrylyp sereden däldirin. Ogly neresse-de biwagt gidensoň, käteler darygardy görgüli. Ýagşy sözleri aýdyp köşeşdirerdim. Işde bolup geçýän gyzykly wakalary gürrüň bererdim. Şu ýerde ýaş gelinlere bir aýtjak zadym bar. «Gaýynly gelin — gapakly gazan» diýipdirler köneler. Gaýynly bolsaň yzyňdan — öý işigiňden, çülpe-çagalaryňdan, mal-garaňdan gaty arkaýyn bolup işe gidýänsiňiz. Gelen wagtyň gapyň açyk, gazanyň gaýnap dursa, uly kömekdir şu zatlar. Ýanýoldaşym aýrylansoňam, 21 ýyllap gaýynenemi hiç ynjytman saklandyryn. Sözüne söz gaýtaran däldirin. Ol sagdyn ýaşap, 100 ýaşy etekläberende, aradan çykdy. Häli-häzire çenli ýagşylykda ýatlap ýörün. Şol döwürler ýaş bolamsoň, sesimi çykarmasamam öz ýanymdan öýke eden bolardym, indi seredip otursam, onuň her sözi ýaş gelin-gyzlar üçin uly sapak ekeni.
Şeýle kynçylykly günlerde hem dadyma «Bahar» gepleşigi — hemsyrdaşym, göwündeşim ýetişýärdi. Öz göwnümi köşeşdirjek bolup bagtly, dokuzy düzüw ýaşaýan ýaş maşgalalardan gepleşik taýýarlardym. Olaryň agzybirliginiň, başbitinliginiň, saglygynyň gadyryny bilip ýaşamagynyň uly döwletdigini, bagtdygyny tekrarlardym».
Ep-eslije ýaşandygyna seretmezden, ýady şänik döwen ýaly, Akjemal enäniň pikire batanyny görüp, sowally ýüzlendim:
— Akjemal daýza, «Bahar» gepleşigini alypbaryjylaryň hem sesleri diýseň ýakymlydy, özüňiz saýlaýadyňyzmy olary?!
— Wah, balam, huşum gursun, şol özümi öwüp gidiberipdirin. Hawa, alypbaryjylar şeýle owadan gürleýärdiler. Edil dänedäne edip. Gepleşigi oglan bilen gyz bilelikde alyp gidende gaty gowy bolýar, ony özüňem bilýänsiň teleýaýlymda işlän bolsaň. Ana, «Bahary» bahar edýänem şol sazlaşykly sesler ekeni. Şol döwürler Annagül jan bilen Bibi jan (Türkmenistanyň halk artistleri Annagül Gurdowa bilen Bibi Welmyradowa) gezekleşip gürlärdiler. Ikisem aýdymçy bolansoň, baý, seslerem owazly-da. Edil çeşmeleriň şildiräpjik akyşy ýalydy-la olar. Häzirlerem olary göwnüm küýsäberse, käteler jaňlaşýan. Ýaşlyk ýyllarymyzy ýatlaşýas birsalym. Gapdallary bilenem Juma neresse gürlärdi (Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow). Baý, Jumanyň sesini diýsene, edil radiony ýaryp barýandyr. Onsoň her hepdäniň gepleşiginden soň, halta-halta hat gelerdi, okap, işläp aňyrsyna çykyp bolmazdy. Bu barada diňleýjilerimize hem aýdardyk. Bir gün redaksiýamyza Pyhy Tagan geläýdi. Menem garabaşyma gaý bolup, hat okaýan. Stoluň, gapdaldaky oturgyçlaryň üstleri ýöne hat bolup ýatyr. Birsalym durdy-da, Pyhy aga gülüp goýberdi: «Halta-halta hat gelýär» diýen gepiňizi barlamaga geldim welin, dogry eken. Wah, täzeden bir 18 — 20 ýaşly ýigit bolsaň, şu wagt, arman garrylyk basmarlap barýa-la» diýdi. Yzyndanam: «Garrylyga beren dermanyň hany!» atly goşgusyny okady. Onuň:
Ak saçyma çalýan gara hynasyn,
Solduryp barýarsyň ynsan synasyn.
Dörüp çykdym ähli medisinasyn,
Garrylyga beren dermanyň hany?
— diýen bendi häli-häzirlerem gulagymda ýaňlanyp dur. Pyhy aga ýaly henekçi-ýomakçylar-da, Gurbannazar Ezizow, Bibisara Hapyzowa, Atamyrat Atabaýew, Gurbanýaz Daşgynow ýaly goşgulary ýaşlar tarapyndan söýlüp diňlenýän ýaş şahyrlar-da «Baharyň» iň ýakyn dostlarydy. Olaryň ýazýan täsirli goşgularyna ýaş diňleýjilerimiz minut sanap garaşýardylar. Şeýdip ýürekleri juwanlyk joşgunyndan böküp duran türkmen ýaşlarynyň iň söýgüli gepleşikleriniň birini taýýarlap ýörşüme, bir gün meni uly ýolbaşçymyzyň soraýanyny aýtdylar. Barsam, meniň «Halk magaryf žurnalyna» geçmegimi ministrlikden haýyş edýändiklerini aýtdylar. Näme, il-gün, Watan nirä ýollasa, gidibermeli. Söýgüli gepleşigimden üzňeligi kyn görsemem, ylalaşmaly boldum. Pensiýa-da şol ýerden çykdym.
Hudaýa şükür, 82 ýaşyň içinde, Gahryman Ogluň parasatly baştutanlygynda garrylygyň hözirini görüp ýaşaýaryn. Kynçylyk görüp ýetişdiren perzentlerimiň üçüsem, agtyklarymyň 6-sy-da ýokary bilimli, hersi bir hünäriň eýesi. Nesip bolsa, 11-nji çowlujagymy ýüzüme sylmaga garaşýaryn. Durmuşyň ähli gowulyklaryny togap edip ýaşap ýörşüme, ömrümiň iň ajaýyp günleri hökmünde «Bahar» radiogepleşigini taýýarlan döwürlerimi ýatlaýaryn. Ylaýta-da, şular ýaly ýaza berimsiz günlerde. Öýüme golaýjak bolansoň, «Ylham» seýilgähine gelýän-de, täsin baglary, gyrmyzy gülleri synlap, «Bahara» — ynsan ömrüniň iň ajaýyp ýaşlyk ýyllaryna seýran edýärin. Gulagymda bolsa bilbilleriň owazy, mahmal sesli alypbaryjylaryň «Gepleýär, «Bahar» radiostansiýasy!» diýen ýakymly sesleri şol ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur...
Ogulbeg Jumaýewa,
“Nesil” gazeti,
22.10.2020ý.