«Ýaş zehin» täze gepleşik tizara ýaýlymda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň saýasynda eziz diýarymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenip, bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar baradaky alada has-da giň gerime eýe bolýar. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna uly mümkinçilikler döredilýär.

2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji aýynda türkmenistanly ýaşlaryň geljegi, olaryň döwrebap durmuşda ýaşamagy ugrunda edilmeli işleriň birnäçesi taryh sahypalarynda öz beýanyny tapdy. Olaryň biri-de hormatly Prezidentimiziň karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagydyr. Bu habar ýurdumyzda ýaşaýan, okaýan, zähmet çekýän ýaşlarynyň başyny göge ýetirdi.

Şeýle taryhy wakany köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde has-da giňden beýan etmek maksady bilen we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan ýaş zehinlerimizi ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi we «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» ugur alyp «Ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy sazandalaryň, milli el işleri we senetçilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda sergi we döredijilik bäsleşiklerini, festiwallaryny gurap, täze zehinleri ýüze çykarmak» diýen bölüminden gözbaş alýan «Ýaş zehin»  atly gepleşigi taýýarlap, ýazga geçirdi.

Gepleşigiň maksady paýtagtymyzdaky we welaýatlarymyzdaky ýaş nesillerimiziň zehin başarnyklary bilen ähli halkymyzy tanyş etmekden we olara, degişli halypalaryň maslahatlaryny bermekden ybaratdyr. Bu bolsa her bir ýaş nesliň saýlan hünärlerinde kämilleşmeklerine we şol ugurlar boýunça ökde hünärmenler bolup, ata-babalarymyza mynasyp nesil bolmaklaryna mümkinçilikleri döreder diýip umyt edýäris.

«Ýaş zehin»  atly gepleşigiň ilkinji sany 72 saz guralyň naýbaşysy bolan dutar saz guraly barada. Hemmämize mälim mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen şu ýylymyzda «Dutar ýasamak senetçiligi, saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlyklaryň sanawyna girizmek meýilleşdirilýär. 

Gepleşigiň ilkinji myhmanlary halypalar Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň halypa mugallymy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyň eýesi Kakamyrat Çaryýew.

Gepleşige paýtagtymyzdan gatnaşan ýaş zehinler Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Perhat Hojanyýazow hem-de 112-nji orta mekdebiniň okuwçysy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň yglan eden «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragynyň eýesi Allanazar Saparmyradow.

Gepleşige welaýatlarymyzdan medeniýet we sungat ugry bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hem gatnaşdylar we olaryň zehinlerini açyp görkezýän ýazgylar esasynda halypalar ýaşlarymyza öz degerli maslahatlaryny berdiler.

Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, öz saýlan hünärimizden ökde hünärmenler bolup, Watanymyzyň abraýly ýollaryna mynasyp goşant goşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Şaperi OTUZOWA, 

MÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň hünärmeni.