Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary bilen sahawatyň, paýhasyň, bagtyýarlygyň, dogana hemaýat goluny uzadýan ynsanperwerligiň mekanyna, parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýän we ýer ýüzünde asudalygyň bolmagyny goldaýan sahylyga ýugrulan, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň watanyna öwrülen günsaýyn gül açýan ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini kitaphana işiniň we sanly ulgamyň üsti bilen teleradioýaýlymlaryň, habar beriş serişdeleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmek, kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek, şeýle-de kitaphanalaryň kämil iş tejribelerini ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky döwlet, welaýat, merkezi etrap, şäher kitaphanalarynyň we kitaphana şahamçalarynyň hünärmenleriniň arasynda «Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda» atly bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, olaryň birinjisi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän welaýat, merkezi etrap we merkezi şäher kitaphanalarynyň arasynda geçiriler. Bu tapgyra Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň medeniýeti dolandyryş edaralary, welaýat Kärdeşler arkalaşygy gözegçilik ederler. Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ýeňiji diýlip yglan edilen kitaphanalaryň bäsleşigiň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçiriljek jemleýji dabaralaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bäsleşigiň ikinji tapgyryna (jemleýji dabaralaryna) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylan Emin agzalary gözegçilik ederler.
Bäsleşigiň birinji tapgyry ýerlerde guralar we 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-10-y aralygynda geçiriler hem-de her welaýatdan 2 kitaphana hünärmeni we Aşgabat şäherinden 2 kitaphana hünärmeni ýeňiji hökmünde bäsleşigiň ikinji tapgyryna hödürleniler, birinji tapgyryň guralyşy we geçirilişi barada 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine hasabat tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda guralar we 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 15-ine geçiriler.
Bäsleşik baradaky doly maglumatlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm resmi saýtynda ýerleşdirilen.