Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy, Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň ýaşlaryny zähmete höweslendirmek, halypa şägirtlik gatnaşyklaryny wagyz etmek maksady bilen «Zähmet çek – sagdyn bol» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri barada belläp geçdiler. 2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda her bir günümiziň şatlyga we taryha wakalara beslenýändigi dogrysynda gürrüň berdiler. Mähriban Arkadagymyzyň ähli pudaklarda zähmet çekmeklik üçin döredip berýän mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda esasy orunlaryň birini eýeleýän özygtyýarly Watanymyzyň ykdysady kuwwaty, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygy, asudalygy, abadançylygy gazanmagyň, ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin öz zähmetiniň miwelerinden we durmuş eşretlerinden peýdalanmagyň birmeňzeş mümkinçiliklerini üpjün etmegiň wajyp kepili bolup çykyş edýär diýip belläp geçdiler. Milli Liderimiziň öňe süren ynsanperwer hem-de durmuş adalatlylygy ýörelgelerine esaslanýan “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary türkmenistanlylary has-da jebisleşdirip, bagtly durmuşyň özboluşly maksatnamasyna öwürýär diýip çykyşlarda bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar, ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär, şunuň bilen baglylykda, Watanyny jany-teni bilen söýýän, ýokary ahlak ýörelgelerine, ýurduna we halkyna wepalylyk däplerine ygrarly ýaşlary kemala getirmegiň şu günüň baş maksadydygy nygtaldy. Çykyş edenler diňe şeýle bolanda, biz sagdyn jemgyýete, kuwwatly döwlete eýe bolup, onda maşgala gymmatlyklary, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolar diýip bellediler.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem eziz Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekip, öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, ähli alyp barýan işlerinde uly rowaçlyklar hemra bolmagyny arzuw etdiler.