3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryndan biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.
Häzirki wagtda döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygyna garamazdan, gynansak-da, heniz pudakda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler köp diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şulardan ugur alnyp, şu günki iş maslahatynyň dowamynda pudagyň netijeli dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak, ony ösdürmegiň gazanylan depginini saklamak, ýer we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe söz berdi. Ministr pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda geçirilýän işlerde kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirip, oba hojalygyny ösdürmegiň ýokary depginini saklamagyň esasy wezipeleriň biridigine ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 2020-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 104,5 göterim hem-de potrat işleri boýunça meýilnama 114,7 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, suw hojalygy pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de suw gorlaryny aýawly saklamagyň we peýdalanmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň wezipelerini çözmek bilen gös-göni baglydyr.
Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hakyky gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilen ýyndam ahalteke bedewlerimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň baş nyşanyna öwrülendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça geçirilýän işlere hem-de tohum atlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça görülýän çärelere nägilelik bildirip, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna alnyp barylýan ylmy-seçgi işlerini kämilleşdirmek babatda birnäçe anyk görkezmeler berildi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, seçgi- tohumçylygyny kämilleşdirmek, atlary zerur iýmler bilen üpjün etmek barada degişli tabşyryklar berildi.
Bu işler Ahalteke atçylyk ylmy merkeziniň işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy esasda guralmalydyr diýip, milli Liderimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa şu ýokary okuw mekdebindäki weterinariýa fakultetiniň alymlarynyň hem bu işe işjeň goşulmagy barada tabşyryk berdi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde işleriň ýagdaýy, ekerançylyk ýerlerinde geçirilýän möwsümleýin işler, şol sanda ýazky gowaçanyň, gök önümleriň, ýeralmanyň we soganyň ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki gurallary, ýerleri ekişe taýýarlamak, şeýle hem degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, şol sanda ýerleri sürmek we tekizlemek işlerine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýa ideg etmek, hususan-da olary mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny bermek boýunça işleriň depginini güýçlendirmek barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýeralmanyň, soganyň we gök-bakjanyň ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi berk gözegçilikde saklanylmalydyr.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory A.Gapurowyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alymlarynyň oba hojalyk toplumyna goşýan goşandyny artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň barşy hem-de welaýatlarda geçirilýän möwsümleýin meýdan işleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ugurda geçirilýän işleriň depginini güýçlendirmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz topragyň hasyllylygyny artdyrmaga, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmäge mümkinçilik berýän ylmyň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, bu pudagyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň has netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin onuň durnukly ykdysady ýagdaýynyň saklanylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleleriň üns merkezinde durmalydygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahaty jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň oba hojalyk toplumynyň işini gowulandyrmak üçin örän köp we tutanýerli işlemelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa käýinç yglan etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, olara şu günki maslahatda ylmy babatda hem meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şolaryň esasynda gelejekde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öz hünärine ökde ýaşlary taýýarlamak barada tabşyryk berdi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe berk käýinç yglan etdi.
Şunuň bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.