3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowa söz berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatda 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de şu ýyl geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, depginli zähmet çekmegi dowam etmek bilen, öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de doly berjaý etmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri kesgitläp, Daşoguz welaýatynyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekinleriň görnüşlerini döretmekde, welaýatyň ylmy edaralary bilen degişli işleri alyp barmagy ýola goýmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz Aral meselesine ünsi çekip, onuň ýaramaz täsirleriniň öňüni almagyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridigini nygtady. Bu mesele Merkezi Aziýanyň çäginden hem çykýar, ony çözmek üçin ähli tagallalar edilýär, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekde ulgamlaýyn döwletara gatnaşyklary ýola goýulýar.
Mälim bolşy ýaly, bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan yzygiderli işler dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, BMG tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Aral meselesi boýunça ylmy-amaly işleri dowam etmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belläp, bu babatda iş maslahatyna gatnaşýan degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.