Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatyna eýerip

3-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideomaslahat geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda logistikanyň we sanlylaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi arkaly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2016-njy ýylda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Birinji Ählumumy maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy. 

Umberto de Prettonyň belleýşi ýaly, IRU Türkmenistanda kuwwatly döwrebap düzümleri gurmak bilen birlikde, halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmak arkaly onuň netijeli hereket etmeginiň ýokarlandyrylmagy üçin şertleri döretmek boýunça hem amala aşyrylýan giň gerimli işleri goldaýar. 

Şunuň bilen baglylykda, taraplar BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň we IRU-nyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdiler, bu bolsa ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda kabul edilen degişli resminamalaryň öňe ilerledilmeginde öz beýanyny tapdy.

Dünýäde emele gelen pandemiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe durnukly halkara gatnawlaryny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny durmuşa geçirmek babatda bilelikdäki işleriň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

IRU-nyň Baş sekretary Lazurit (Lapis Lazuli) geçelgesiniň, şeýle hem Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça beýleki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň iş ýüzünde peýdalanmagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi. 

Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyna taýýarlyk görlüşi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.