3-nji fewralda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda wideogörnüşde geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine sebitde suwdan netijeli peýdalanmak baradaky meseleler girizildi.
Onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň döwletimiz suw serişdelerini goramak we ondan rejeli peýdalanmak, bu ýagdaýlar bilen gönüden-göni bagly bolan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak wezipelerini çözmek işinde gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda işjeň orny eýeleýär.
Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalaryna we degişli resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, bu ulgamda birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz suw we ekologiýa diplomatiýasyny öňe ilerletmek üçin şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtaýar. Bu bolsa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bitarap Türkmenistan suw meselelerine garalmagyna we bu meseleleriň çözülmegine umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalary, özara hormat goýmagyň hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda we abraýly halkara guramalarynyň gatnaşmagynda yzygiderli çykyş edýär.
Biziň ýurdumyz Aral meselesiniň çözülmeginde hem başlangyçlar bilen çykyş etmek ornuny eýeleýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurdaky meseleleriň wajyplygy Merkezi Aziýanyň çäklerinden çykýar. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda öz beýanyny tapdy.
Şunuň bilen baglylykda, iş maslahatyna gatnaşyjylar Aral gurşawynyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, bu sebitde suw hojalygynyň, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilip, öňe sürlen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşdylar.
Bu maksatlar Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapdy.
Iş maslahatyna gatnaşyjylar Aral sebitinde ykdysady ösüşiň, durmuş abadançylygynyň we ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagynyň suw serişdelerine elýeterlilik, oba hojalygynda olaryň oýlanyşykly we netijeli peýdalanylyşynyň üpjün edilmegi bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydygyny belläp, bu ugurda oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.