Şygryýetiň bilbili joşanda

Döredijilik bäsleşikleriniň

D Ü Z G Ü N N A M A S Y

I. Bäsleşikleriň  maksady

1. Bu döredijilik bäsleşikleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilelikde, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri dabaralandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary çeper döredijilige höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

2. Bäsleşigiň umumy düzgünleri

2.1. Bäsleşiklere ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ýaş ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, talyplar we mekdep okuwçylary öz eserleri bilen  gatnaşyp bilerler.

2.2. Bäsleşikleriň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy  tarapyndan tassyklanylýar.

2.3. Bäsleşikler bu baradaky bildiriş metbugatda çap edilen gününden başlap güýje girýär.

3. Bäsleşigiň şertleri

3.1. Bäsleşiklere hödürlenilýän eserlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmuny giňden wasp edilmelidir.

3.2. Eserleriň çeperçilik derejesine, hiline we many-mazmunyna emin agzalary tarapyndan baha berilýär.

3.3. «Şygryýetiň bilbili» atly döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýaş şahyrlary Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmunyny çeper beýan edýän goşgulary we poemalary bilen gatnaşyp bilerler.  

«Waspyň dillerde dessan – Arkadagly Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigi

3.4. «Waspyň dillerde dessan – Arkadagly Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigine ýaş žurnalistleriň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegini çeper beýan edýän makalalary hödürlenilýär.

3.5. Bäsleşiklere gatnaşyjylar hödürleýän eserleri  bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri). Bäsleşiklere  hödürlenilýän eserleri «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazyp,  «medeniyetgovtmay@mail.ru» atly elektron salga ibermeli. Bäsleşiklere hödürlenilýän eserler 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.

3.6. Bäsleşikler şu ýylyň aprel aýynda jemlener. Bäsleşiklerýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi: 44-00-71, 44-00-81

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet bölümi: 44-88-85, 44-88-79;