4-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, bu toplumyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Bu ugurda gazanylýan netijeler we pudaklaryň sazlaşykly ösüşi halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň kepilini üpjün edýär.
Ilki bilen gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginleri, binalary öz wagtynda ulanmaga bermek we gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de gurluşykda öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-houlary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygy, sebitiň seýsmiki ýagdaýy nazara alnyp, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kuwwatly senagaty döretmegi çaltlandyrmagyň wajypdygyna hem-de ministrligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, senagat we gurluşyk önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Iş maslahaty energetika ministri Ç.Purçekowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagynda hem-de onuň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatymyzy we senagat desgalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de onuň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, energetika senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, giň möçberli taslamalara laýyklykda kuwwatly elektrik beketleriniň gurluşygy we olaryň bellenen möhletde ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew ýolbaşçylyk edýän konserni tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we konserniň işine nägilelik bildirip, ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi.
Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow geçen ýylda ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbini özgertmek, şäher ilatynyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanow “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen 2020-nji ýylda institutda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň gowy milli we halkara tejribelerini nazara alyp, ylym-bilim ulgamynyň depginini ösdürmek we düýpli özgertmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri möhüm ugur hökmünde kesgitläp, institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, ýaşlary okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine möhüm ähmiýet bermegi, ýokary hünärli ýaş işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz gara ýollaryň gurluşygynda ulanylýan ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli serişdeleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly meseläni öwrenmek boýunça rektora birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow institutda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň bilim derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda, bu ugra häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy möhümdir.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, institutyň okuw maksatnamasyna has zerur ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça zerur işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Bu gün ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek meselelerini nazara alyp, energetika pudagynyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak zerur bolup durýar.
Şeýle hem institutyň işini sanly ulgama geçirmek, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda rektora birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümleriň önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek we olaryň işine berk gözegçiligi ýola goýmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip halk hojalygy toplumynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini saklamak üçin maksatnamalaýyn hereketleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de kärhanalaryň düşewüntliligi, olaryň ýokary önümçiligi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahaty jemlemek bilen, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işini gowulandyrmak üçin has tijenip, tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyny nygtady.
Munuň üçin toplumyň bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli peýdalanmak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.