5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.
Milli Liderimiz şu günki iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda dokma pudagy üçin pagta ösdürilip ýetişdirilýändigini hem-de bugdaý we köpsanly beýleki azyk önümleriniň öndürilýändigini belledi. Bu önümler bolsa, söwda toplumyna degişli kärhanalarda gaýtadan işlenilýär.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, söwda toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy pudaklaryň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, bu ugurda ýetilen sepgitler, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek köp babatda bu pudagyň netijeli ösdürilmegine hem baglydyr.
Häzirki wagtda söwda, dokma we telekeçilik pudaklaryny ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygymyza garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler örän köp diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şulardan ugur alnyp, iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa söz berdi. Ministr Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak hem-de bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek bilen baglylykda, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ministre söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, import önümleriniň önümçiligini ösdürmek, ilata hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra dokma senagaty ministri R.Rejebowa söz berildi. Ministr 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň işinde ýol berilýän kemçiliklere nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi ýerine ýetirilmegi esasy işleriň hatarynda görkezip, ministre olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew daşary ykdysady gatnaşyklary berkitmek hem-de ýurdumyzyň içerki lomaý bazaryny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz türkmen eksport harytlary üçin durnukly nyrhy emele getirmegiň usullaryny döretmegiň esasy wezipedigine ünsi çekdi. Munuň özi girdejileriň artmagyna hem-de halkara bazarlarynda döwletimiziň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Soňra “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa söz berildi. 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda pudakda önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 120,2 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy has-da ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bütin dünýäde şöhrat gazanan köpasyrlyk milli halyçylyk däplerini häzirki döwürde mynasyp dowam edýän halyçy gelin-gyzlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri döretmek baradaky meselelere yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.
Soňra iş maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hem telekeçi halyçylaryň alyp barýan işleri, dokaýan halylarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ajaýyp halylaryň türkmen halkynyň mirasydygyny, olary dokamakda tebigy ýüplügiň ulanylýandygyny, şoňa görä-de, wagtyň geçmegi bilen halylaryň has-da owadanlaşýandygyny belledi. Bu bolsa esasan halylaryň çitimi bilen baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz bu gadymy el sungatynyň şöhratynyň hemmeleri geň galdyryp, türkmen halylarynyň wagtyň geçmegi bilen reňkiniň solmaýşy ýaly, ençeme ýüzýyllyklardan bäri hiç öçmän, dünýäniň dürli künjeklerinden halynyň sarpasyny belent tutýan köpsanly adamlary häzire çenli haýrana goýýandygyny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa söz berildi. Ol gazanylan ägirt uly durmuş-ykdysady üstünlikleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde hem-de işewür maslahatlarda giňden beýan etmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, işewürligi giňeltmek we Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň önümleriniň eksportunyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO” Bütindünýä sergisine düýpli taýýarlyk görmegi hem-de şonda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi tabşyrdy.
Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere ykjam taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzümi ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny, ýyladyşhanalary, maldarçylyk we guşçylyk toplumlaryny gurmak hem-de beýleki önümçilik işlerini alyp barmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň yzygiderli bölünip berilýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tohumlary döretmegiň, bu işlerde ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-premýere käbir görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, durnukly ösüş depginini saklap galmak maksady bilen, söwda toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljermek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşini üpjün etmegiň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumyna degişli düzümleriň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny, şol sanda hususy telekeçilik üçin oňaýly şertleriň döredilmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Şeýle hem azyk bolçulygyny üpjün etmek, eksport ugurly senagat hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek boýunça çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet tarapyndan ykdysadyýetiň hususy ulgamyny goldamagy güýçlendirmek, şol sanda kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn kömegini bermek zerurdyr.
Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly söwdany guramagyň döwrebap düzümini kemala getirmek boýunça işler döwrüň talabyna gabat gelmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemlemek bilen, toplumyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň örän köp işlemelidigini aýtdy.
Häzirki döwürde toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.