7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň örän baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, ýaş zehinleri ýetişdirmekde medeniýet ulgamyna örän uly orun degişlidir. Halkyň kalby bolan medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrmakda, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, köpçüligi beýik işlere galkyndyrmakda örän uly güýje eýedir.
Ýazyjy-şahyrlaryň tolgundyryjy sözleri, bagşy-sazandalaryň kalbyňa ornaýan şirin mukamlary, suratkeşleriň täsirli şekilleri hiç kimi biparh goýmaýar. Şoňa görä-de, biziň millet derejesinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten sepgitlerimiz medeniýetimiziň ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki döwürde bu ulgamyň işiniň nähili edip talabalaýyk guramaly, asyrlarboýy sünnälenip, biziň günlerimize ýetirilen medeni mirasymyzy, aýdym-saz sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy asyl nusgasynda geljek nesillerimize nädip ýetirmeli diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şu gün maslahatda şu we beýleki möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz maslahatyň gün tertibine geçip, medeniýet ministri A.Şamyradowa söz berdi. Ol milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda medeniýeti we sungaty, döredijilik işgärleriniň çeperçilik işini ösdürmek üçin aňyrbaş şertleriň döredilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda uly üstünlikleriň gazanylmagyna ruhlandyrýan milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň geçirilýändigini belläp, häzirki döwürde bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlaryň saýlap alan ugry boýunça iş bilen üpjün edilmegine Medeniýet ministrliginiň we degişli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gönüden-göni jogapkärçilik çekýändiklerine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz çagalar sungat mekdepleriniň hem-de çeperçilik mekdepleriniň işiniň talabalaýyk guralmaýandygyny, bu ugurda birnäçe kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, munuň üçin olaryň okuw meýilnamalaryna täzeden seretmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet merkezlerinde we teatrlarynda häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri, bagtyýar durmuşy wasp edýän täze eserleriň döredilmeýändigini, gysga göwrümli sahna oýunlarynyň az goýulýandygyny belläp, teatrlaryň režissýura babatda derejesiniň pes bolmagynyň döredilýän eserleriň çeperçiligine ýaramaz täsir edýändigini belledi.
Dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary, asylly ýörelgeleri döretdi. Emma halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny öwrenip, ony wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek işleri talabalaýyk guralmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şeýle hem ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň arasynda döredijilik we çeperçilik bäsleşiklerini geçirmek boýunça ýeterlik işler alnyp barylmaýar. Mundan başga-da, ýerlerde kitaphanalaryň kitap gaznalarynyň bir bitewi sanly ulgama birikdirilendigine garamazdan, olaryň işinde bökdençliklere ýol berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ýagdaýlardan netije çykarmagy ministrden talap etdi.
Soňra Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Aşyrowa söz berildi.
Ol komitetiň düzümlerinde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we onuň geljekki meýilnamalary barada hasabat berdi. Döwrüň talabyna laýyklykda, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işleriň dowam edýändigi nygtaldy.
Hasabat döwründe milli tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar öz wagtynda beýan edildi. Dürli konsertler, telefilmler, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetli gepleşikler, syýasy geňeşmeler we şekilli görnüşler ýaýlyma berildi. Şeýle hem onlaýn tertibinde halkara derejesinde gepleşikler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, tele we radiogepleşikleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary däp-dessurlarymyzy, milli aýratynlyklarymyzy nazara almak arkaly taýýarlamak, halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden wagyz etmek boýunça zerur işler amala aşyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.
Beýleki ýurtlaryň teleýaýlymlarynda Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny beýan etmäge gönükdirilen işler özüniň oňyn netijesini berýär. Daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlary bilen baglaşylan ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri, milli žurnalistler üçin onlaýn-maslahatlary geçirilýär. Sanly ulgam babatda halkara tejribesini öwrenmek we çuňňur many-mazmunly gepleşikleri taýýarlamak meselelerine ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna taýýarlanan wideorolikler Aziýa-Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiň internet torunda giň meşhurlyga eýe boldy.
Döwlet komitetiniň başlygy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle hem “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk işlerine başlanandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, teleradioýaýlymlar babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine möhüm üns berilmelidigini belledi.
Žurnalistler, medeniýet işgärleri we ideologiýa gullugynyň hünärmenleri jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin giň, köp taraply bilime eýe bolmalydyr, ähli ugurlar boýunça dünýäde bolup geçýän wakalary öwrenmelidir, täzeçil pikirlenip işlemelidir we döwrüň talabyny esasy ugur edinmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylmalydyr.
Häzirki döwürde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sanly tehnologiýalaryň, elektron neşirleriň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Munuň özi ähmiýetli habarlary dünýäniň maglumat giňişliginde gyssagly ýerleşdirmek üçin wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy A.Hudaýberdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, internet serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak, bu ulgamdaky iň öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek arkaly bu gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Döwlet habarlar agentliginiň – TDH-nyň başlygy B.Amansaryýewe söz berildi. TDH-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşarky syýasatyny giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Her gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirip, syn hem-de seljerme makalalary taýýarlanyp Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hem-de elektron neşirlerini habarlar bilen üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TDH-niň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we 2020-2021-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň pugta maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini we onuň ähli mümkinçilikleriniň herekete girizilmeginiň wajypdygyny belledi. Ýaşlaryň hünär taýdan ýokary derejeli taýýarlygy bu işleriň netijeli bolmagyny üpjün edýär.
Şunlukda, okatmagyň sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy usullar, şol sanda teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we beýleki medeni ojaklaryň mümkinçilikleri giňden peýdalanylmalydyr. Şeýlelikde, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary we şöhratly taryhy wagyz edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz instituty tamamlaýan ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, institutda häzirki döwrüň talaplaryna we özgerýän şertlere laýyk gelýän ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagy, okuw meýilnamasyna we hünär ugurlaryna düýpli özgertmeleri girizmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz talyp ýaşlaryň halkymyzyň döreden milli mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň ähmiýetini we many-mazmunyny açyp görkezýän ylmy işleri alyp barmaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary derejede geçirmäge institutynyň ýaşlarynyň mynasyp goşant goşmagy, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur işler ýerine ýetirilmelidir.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew geçen ýyl ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň binagärlik çözgüdine, olaryň içki we daşky bezeg işlerine bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.
Soňky ýyllarda dizaýn sungatyna birnäçe häzirki zaman usullary girizildi, şu özgertmeleri nazara alyp, Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplaryň dizaýn sungaty boýunça ukyp-başarnygyny ösdürmek, olaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny özleşdirmekleri üçin zerur şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň we döredijilik işgärleriniň öz ugurlary boýunça sanly ulgam arkaly halkara bäsleşiklerine, gözden geçirişlere gatnaşmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi milli sungatymyzyň dünýä derejesinde wagyz edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda giňden tanalýan halypa heýkeltaraşlar, suratkeşler, zergärler we beýleki döredijilik işgärleri bilen talyp ýaşlaryň duşuşyklary yzygiderli guralmalydyr, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmekleri, ýerine ýetirilýän heýkeltaraşlyk işlerine we beýleki sungat eserleriniň döredilmegine, şol sanda bina edilýän desgalaryň içki we daşky bezeg işlerine gatnaşmaklary zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny belledi.
Soňra M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew ýokary okuw mekdebinde saz sungaty boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we sungaty giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ýokary okuw mekdebinde halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatynyň taryhyny işjeň öwrenip, ussat sazandalaryň döreden mukamlaryny, ajaýyp sazlaryny ösdürmek we häzirki zaman mukamlaryny döretmek ugrunda zerur işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi. Milli konserwatoriýada ýokary derejeli hünärmenler ýetişdirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde fortepiano saz gurallaryny sazlaýan, olaryň owaz çykaryşyny talabalaýyk derejä getirýän hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, bu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ýaş sazandalaryň, kompozitorlaryň onlaýn-tertibinde halkara bäsleşiklerine gatnaşmaklary, olaryň bu ugurda üstünlik gazanmaklary üçin maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz halypa–şägirtlik ýoluny ösdürmegiň çäklerinde, talyplaryň halypa sazandalar, kompozitorlar bilen duşuşyklaryny guramagyň, konserwatoriýanyň uçurymlarynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mynasyp goşant goşmagy ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda iri dabaralary we köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmek boýunça oňyn tejribäniň toplanandygyny belledi. Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, gadymy medeni däpler baýlaşdyrylýar we üsti täze mazmun bilen ýetirilýär.
Häzirki döwrüň ýagdaýy we tehniki ösüşiň gazananlary döwrebap çözgütleri tapyp, olary ýurdumyzyň ösüş maksatlaryna gönükdirilmegini talap edýär. Döwlet Baştutanymyz aň-bilim işiniň, ýaşlaryň döredijilik işjeňliginiň höweslendirilmeginiň, milli mirasymyzyň öwrenilmeginiň we umuman, ruhy taýdan ösüşiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa medeniýet ulgamyna degişli düzümleriň maliýe-ykdysady ýagdaýy we bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ugurdaş düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmek maksady bilen, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň maliýe ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz medeniýet ministri A.Şamyradowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Medeniýet ministrligine Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde halk köpçüligi üçin gyzykly, özüne çekiji, milli äheňli, ýokary hilli döwrebap kinolary taýýarlamak we olary tomaşaçylar köpçüligine ýetirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz soňky döwürde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerinde örän köp kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, halkymyzyň gadymy mirasynyň, medeniýetiniň ýeterlik derejede öwrenilmeýändigini belledi. Öňler W.Masson we W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlar ýurdumyzda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk sahypalaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin medeniýet ministri A.Şamyradowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Soňra milli Liderimiz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýokary hilli gepleşikleri yzygiderli ýaýlyma bermegi tabşyrdy. Guramaçylyk işlerini güýçlendirmek maksady bilen, ussat alyp baryjylary bu işe çekmek, halypa-şägirtlik ýörelgelerini yzygiderli dowam etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny we durmuşa geçirilen özgertmeleri dünýä giňden ýaýmak, şol sanda tanyşdyryş wideoroliklerini, çeper, telewizion we dokumental filmleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem teleradioýaýlymlar boýunça berilýän gepleşikleriň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, hünärine ökde işgärleri taýýarlamak we olar üçin ýörite okuwlary guramak işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tele we radioýaýlymlarda türkmen diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň berk berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, şeýle hem ýaýlyma berilýän gepleşiklere gözegçilik edýän redaktorlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine döwrebap çeper we dokumental filmleri köpräk çykarmak babatda görkezme berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.