Üns beriň, bäsleşik!

«Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda» atly bäsleşigiň

DÜZGÜNNAMASY

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, bagtyýar ýaşlygyň Watanyna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär.

Şanly seneleri ýokary derejede bellemek, Hormatly Prezidentimiziň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäherini giňden wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak, şeýle-de ýaşlary sanly ulgamda wagyz etmäge işjeň çekmek, internet torlaryny netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş waspçylarynyň arasynda «Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bu bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hereket edýän www.yashlar.gov.tm resmi internet web saýtynda geçiriler.

Bäsleşigiň düzgünleri we şertleri:

Bäsleşik döredijiligiň aşakdaky ugurlary boýunça geçirilýär:

fotosuratçylyk;

nakgaşçylyk;

goşgy ýazmak;

makala ýazmak.

Bäsleşige hödürlenilýän döredijilik eserlerine ugurlar boýunça bildirilýän talaplar:

Fotosuratçylyk ugry boýunça:

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň tebigatynyň gözellikleriniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, daglarynyň we düzleriniň, medeni we durmuş maksatly binalarynyň ajaýyp şekillerini foto suratlarda beýan etmeli. Bäsleşige hödürlenýän foto suratlar häzirki zaman foto enjamlarynda reňkli görnüşde surata düşürilen (ykjam telefonlar muňa girmeýär) bolmaly. Suratlara olaryň awtorlary tarapyndan at berilmelidir. Foto bäsleşige hödürlenýän foto suratlary kompýuterde goşmaça işlemäge, olara düzediş bermäge ýa-da olar babatda başga bir emeli usul (montaž) ulanmaga rugsat berilmeýär, şeýle edilen foto suratlar bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.

Nakgaşçylyk ugry boýunça:

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň tebigatynyň gözellikleriniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, daglarynyň we düzleriniň, medeni we durmuş maksatly binalarynyň ajaýyp şekillerini, täsin pursatlaryny elde surat çekmek bilen beýan etmeli. Çekilen suratlar reňklenen bolup, olara awtorlary tarapyndan at berilmelidir.

Makala ýazmak ugry boýunça:

Bu ugurda bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar gözel paýtagtymyzyň waspyny täsirli we gyzykly maglumatlara baý bolan makalalaryň üsti bilen açyp görkezmeli. Olarda many yzygiderliligine, täzeçilligine, derwaýyslygyna, täsirliligine aýratyn ähmiýet bermeli.

Goşgy ýazmak ugry boýunça:

Munda bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar merjen paýtagtymyzy çeper sözler arkaly goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etmeli. Olarda many yzygiderliligine, täzeçilligine, täsirliligine aýratyn ähmiýet bermeli. Goşguda bent sany çäklendirilmeýär.

Taýýarlanylan eserleri bäsleşige hödürlemegiň we resmileşdirmegiň tertibi

Bäsleşige ýaşy 14-den ýokary we 30-a çenli bolan ýaşlaryň özbaşdak ýerine ýetiren döredijilik işleri kabul edilýär.

Bäsleşige hödürlenilýän eserleriň göwrümine, sanynyň köplügine ähmiýet berilmeýär.

Bäsleşige hödürlenilýän eser kämil derejede, gutarnykly taýýarlanan bolmaly.

Umumy talaplar:

Döredijilik eserleriniň özeninde gözel paýtagtymyzyň ajaýyplyklarynyň waspy giňden şöhlelenmeli. Bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar tarapyndan döredijilik eserlerine at berilmegi hökmanydyr.

Bäsleşige gatnaşyjy ýaşlaryň jemi sany çäklendirilmeýär, şol bir wagtda her bir gatnaşyjynyň bäsleşige hödürlejek eserleriniň sany 5-den köp bolmaly däldir.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşige ugradyljak döredijilik eserleri 2021-nji ýylyň maý aýynyň 15-ine çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň elektron poçtasyna – turkmen-youth@online.tm ugratmaly.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň şanly 140 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde jemlener.

Bäsleşigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan eminler topary kesgitlär.

Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşan ýaşlara höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

Bäsleşik, onuň düzgünnamasy www.yashlar.gov.tm internet web saýtynda ýerleşdirilen gününden başlap güýje girýär.

Bäsleşige hödürlenýän resminamalaryň sanawy:

Bäsleşige gatnaşyjynyň pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki  4 sany reňkli fotosuraty, şahsy maglumatlary elektron nusgada ugradylmaly;

Hödürlenjek döredijilik eserleriniň ýüzünde «Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda»  diýen ýazgy we eseriň awtorynyň ady, familiýasy, wezipesi ýazylmaly.

Ähli resminamalar we hödürlenen işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň elektron poçtasyna – turkmen-youth@online.tm ugradylmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi:

44-88-81; 44-88-85.