HALKARA ÝAŞLAR HYZMATDAŞLYGY BERKIDILÝÄR

Aşgabat säherinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaslar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň arasynda 2018-nji ýylda baglaşylan Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk boldy.

Duşuşyga TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ýazpolat Keriýew we TMÝG-nyň beýleki jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Özbegistanly hyzmatdaşlarymyza Özbegistanyň Bütindünýä ýaşlar assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Dilfuza Ýulliýewa bilen Özbegistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Şerzot Olimow wekilçilik etdiler.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky tagallalaryndan gelip çykýan wezipeleriň çäklerinde Ýaşlar guramalarynyň wekilleriniň işjeň aragatnaşyk saklaýandyklaryny, olaryň wekiliýetleriniň dostlukly döwletlerde guralýan möhüm çärelere gatnaşýandyklaryny bellemek gerek. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşykda bellenilip geçilişi ýaly, munuň özi türkmen özbek gatnaşyklarynyň has pugtalanmagyna we täze derejä çykmagyna täsirini ýetirýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar duşuşygyň ýokary derejede geçirilmegine ýardam edendigi üçin iki döwletiň diplomatik wekilhanalaryna we daşary işler ministrliklerine özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.

Dostlukly döwletler bilen gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagy we täze üstünlikleriň gazanylmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys!

 

Altyn GATYÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.

Meňzeş habarlar