Güneşli diýarymyzda Halkyň Arkadagly zamanasynda Köýtendag etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan guralan, 4-nji sport mekdebiň sport zalynda, sportyň dzýu-do görnüşi boýunça 1999-2005 ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň we uly ýaşly türgenleriň arasynda 50 kg –dan - 90kg çenli agramlygynda açyk birinjiligi çekeleşikli bäsleşip geçirildi. Ýaryşyň netijesinde oglanlaryň arasynda 66 kg agramda Muzafarow Samandar, 50 kg agramda Şowkatow Dastan, 81kg agramda Şohratow Oral, 81kg agramda Şohratow Sabahiddin,+ 90 kg agramda Hasanow Sanjar, 55 kg agramda Ikramjanow Samandar, 60kg agramda Şamuradow Maksat. Ýeňijilere TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar hem-de hormat haty bilen sylaglandylar.
***
Ýakynda Köýtendag etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde etrap Ýaşlar guramasy bilelikde sportyň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik 1-nji sport mekdebine gatnaýan ýaş ýetginjekleriň arasynda geçirildi. Bu bäsleşikde Ýaşlyk, Diýar we Galkynyş atly topar bolup, oglanlaryň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bu woleýbol bäsleşigi 1-nji sport mekdebiniň sport meýdançasynda çäre diýseň gyzykly, şowhunly geçirildi . Oňa Ýaşlyk topary 1 –nji oruna eýeläp, 2-nji oruna Galkynyş topary, 3-nji orna Diýar topary mynasyp bolup TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary bilen sylaglandy.
Munira Çaryýewa
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça
hünärmeni