Rahmet GYLYJOWYŇ «Halallyk kyssalary» eserinden

AHYRYNDA ÝEŇIŞ GAZANDYK

Ol pursatlaryň üstünden onlarça ýylyň geçendigine garamazdan, henizlerem ony ýatlaýaryn... Bäş ýaşly oglan wagtymdan bäri atam şeýh Hilal aş-Şazylynyň miras galdyran desse-desse kitaplarynyň arasynda gezýärdim. Ýaşaýan öýümiziň üçegi dürli kitaplardan, žurnallardan doludy. Terbiýeçi, edep beriji ussadym garry atam dünýäden ötme zinden öň ummasyz we kämil miras galdyrypdy. Men ol wagtlar bu kagyz üýşmekleriniň nähili gymmatynyň bardygyny bilemokdym, aňşyramokdym, ýöne näme üçindir men şol kitaplara aşykdym.

Bir gün howlymyzdaky bagyň astynda kitaba güýmenip otyrkam, garry enemiň sesini eşitdim. Ol «jaýyň üçegindäki kagyz letdelerini arassalamagy» buýurýardy. Sebäbi şol ýerde towuk saklamak üçin giňiş ýer gerekdi. Enemiň permany ýakyn günlerde ýerine ýetirilmelidi. Müňlerçe kitapdyr žurnallaryň çal-gara tüssesi ýokary göterildi. Men ol wagt on üç ýaşly oglandym we durmuşyň şol ýowuzlygy henizlerem göz öňümden gidenok.

Men ol wagtlar sapagyna doly ýetişmeýän okuwçydym, emma kitap okamaklyga şeýle bir gyzygýardym. Şonuň üçin okuwyma doly ýetişmegim üçin bu islegimiň garşysyna berk karara geldiler. Ýene-de perman ýaňlandy.

Meniň ähli kitaplarymy öýüň howlusyndaky bagda jemlediler. Ähli zat ýekeje otluçöp bilen ýerine ýetirildi... Şeýh Hilalyň howlusyndan ikinji gezek alaw-tütün ýokary göterildi. Ençeme ýyllaryň geçendigine garamazdan, bu waka göz öňümden gidenok, aňymdan çykanok. Meniň terk etmegimi isleýän zadyma bolan söýgim gün geldigiçe möwjedi. Söýgim artdygyça, özümi pida etmeli ýagdaýlarym hem köpeldi...

Şol waka hut düýn bolan mysaly, her bir ajysy bilen henizem ýatlap biljek. Men ol işden bu işe geçenimde hem hemişe ýanym sebet-sebet kitaplydy. Käbir adamlar bu bolşuma keseden bakyp, ýaňsylap, üstümden gülerdiler: «Filosoflaryň zamany bireýýäm geçip gitme dim-aý» diýip, kinaýa bilen habar gatardylar.

Bir gezek gatnaşýan dostlarymyzdan biriniň maşgalasy: «Seniň güýmenjäň, gyzyklanýan zadyň kitap okamak diýip eşitdim, şol dogrumy?» diýip sorady.

Men olara: «Okamak meniň gyzyklanýan zadym däl, okamak – meniň durmuşym, meniň diriligim. Iýmek-içmegi islegiňe görä bölüşdirip, paýlaşdyryp, synplaşdyryp bolar, emma okamak durmuşym üçin zerurlyk» diýipdim.

Dem almagym, durmuşda ýaşamagym, bakylygym üçin sebäp bolsa, okamak maňa özümi aklamaga, durmuşda mynasyp ýaşaýanlygyma ynamymy artdyrmaga sebäpdir.

Men ulaldym... Ulaldygymça hem okamaklyga bolan yşgym we höwesim, söýgim hem artdy. Men häzir üçünji onlukda gezip ýörün, her bir söýýän aşyk kibi bolup, ýatlamalaryma çümýärin... Geçilen menzillere we ýetilen şu günlere ser salýaryn... Neşir önümçiligi ulgamynda kiçeňräk neşirýat açmak nesibämde bar eken. Ine, bu gün arap dünýäsine kitap önümçiligi bilen hyzmat edýärin... Täze-täze pikirleriň döremegi üçin pikir senagatyny, pikir sungatyny ösdürýärin. Şonda şol çagalyk, oglanlyk we ýaşlyk pursatlarymda başymdan geçen, kitap bilen bagly agyryly günlerimi ýatlaýaryn... Häzirki uly kitaphanama we çaphanama göz aýlap, uludan demimi alýaryn. Göwün gulagyma pyşyrdaýaryn: «Hudaýa şükür, ahyry biz ýeňdik».

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR