TAMDYR ÇÖREGI
Çöregi taýýarlamak üçin birnäçe işleri ýerine ýetirmeli: uny elemeli, hamyrmaýany mylaýym suwda (30 – 350C) ezmeli, şerebe taýýarlamaly. Çöregi hamyrmaýaly, şeýle hem hamyrmaýasyz taýýarlap bolýar. Hamyr ýugrulandan soň, 2,5–3 sagat ýyly ýerde (otagyň temperaturasy 28 – 300C) goýmaly. Hamyr basyrlyp goýlanda, 2–3 gezek täzeden ýugurmaly. Soňra böleklere bölünýär, gerek bolan görnüşde ýasalýar, olaryň üsti saçak bilen ýapylýar we stoluň ýa-da gapagyň üstünde goýulýar. Basyrylyp goýlandan soň (30-40 minutdan) hamyry ýasamaly, dürtgüç bilen dürtmeli we tamdyrda bişirmeli.
Taýýarlamak üçin 3 kg una 50-60 g gury hamyrmaýa, 2 nahar çemçesi duz gerek bolýar.
KÜLÇE ÇÖREK
Un, duz, şeker we suw goşup, hamyrmaýasyz hamyr ýugurmaly, 40–50 minutlap basyryp goýmaly we 1,0–1,5 sm galyňlykdaky böleklere bölmeli. Çörekleriň ýüzüne süýt çalmaly we tamdyrda bişirmeli.
Taýýarlamak üçin 2 kg una 1 bulgur şeker, 2 nahar çemçesi duz, 0,5 bulgur süýt gerek bolýar.
PETIR ÇÖREK
Petir hem külçe çöregi ýaly bişirilýär. Uny elemeli. Suw, duz salnan hamyr jama uny salyp garmaly, taýýar hamyry biraz salym basyryp goýmaly. Soň hamyry böleklere bölüp, ýaýmaly, tikeçlemeli we tamdyra ýapmaly.
Taýýarlamak üçin 800 g ýorkary hilli un, islege görä duz gerek bolýar.
ÇAPADY
Ýyly suwda hamyrmaýany ezip, onuň üstüne elenen uny, duzy goşup, hamyr garmaly. Hamyr 1,0–1,5 sagat demini alansoň, ony böleklere bölmeli we 0,8 – 1,0 sm galyňlykda, 15–20 sm diametrde ýaýmaly. Çapadynyň iki tarapyny hem gyzarýança bişirmeli we gyzgynlygyna saçaga äbermeli. Gaýmak we mesge ýagy saçaga aýratyn berilýär. Islege görä şeker sepmek bolar.
Taýýarlamak üçin 2 kg una 20 g hamyrmaýa, 1,5 nahar çemçesi duz, iki bulgur ösümlik ýagy gerek bolýar.
GATLAMA
Un, suw we duz goşup, petir hamyr taýýarlamaly. 30–40 minut demini alandan soň ýuka gatlaklara ýaýmaly, ösümlik ýagyny çalmaly, soňra gatlamaly, 100-150 g böleklere bölmeli we 1,5-2,0 sm galyňlykda ýaýmaly. Taýýar bolan gatlamanyň iki tarapyny hem saçda ýa-da uly bolmadyk gazanda gyzardyp bişirip almaly hem-de gyzgynlygyna äbermeli.
Gatlaklarynyň köp bolmagy üçin ýaýylan hamyry birnäçe gezek ýaglamak we ýaýmak bolar. Taýýar gatlama sowamanka üstüne şeker sepmeli.
Taýýarlamak üçin 2 kg un, 1,5 nahar çemçesi duz, ýaglamak üçin 1 bulgur ýag gerek bolýar.
SOGANLY ÇÖREK (JIGIRDEKLI ÇÖREK)
Un, hamyrmaýa, suw we duz goşup, hamyr taýýarlamaly we alýança goýmaly. Ýasalmazdan öň oňa dogralan jigirdegi, ownuk kerçelen düýp sogany goşmaly. Olaryň ählisini gowy garmaly, böleklere bölmeli we demine alandan soň, süýri görnüşde ýasamaly. Bişirilmezden öň onuň ýüzüne maýda dogralan düýp sogan sepmeli.
Taýýarlamak üçin 3 kg una 50-60 g gury hamyrmaýa, 2 nahar çemçesi duz, 1 käse jigirdek, 4-5 sany düýp sogan gerek bolýar.