ÝAŞLAR SYÝASATYNY KÄMILLEŞDIRMEK BARADA GEÇIRILEN TÄSIRLI MASLAHAT

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy mundan beýläk hem kämilleşdirmek bilen bagly maslahatynda eden taryhy çykyşyny ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ara alyp maslahatlaşmak boýunça Meýilnamanyň tertibine laýyklykdaky Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda iş maslahaty geçirildi.

         Bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Gahryman Rozyýewiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Çarygeldi Babanyýazowyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň iş dolandyryjysy Mekan Nazarowyň, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasatynyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň şepagat uýasy Halbibi Taganowa gatnaşdy. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar barada kabul eden kararlary wagyz edildi. Ýaşlara sanly ulgamyň ähmiýeti, sport we bedenterbiýe, ahlak-terbiýe meselelerine aýratyn üns berildi. Ýurdumyzda ýaşlaryň tehnologik ösüşden yza galmazlygy, döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini kämilleşdirmekleri, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklary, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

         Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 14-nji iýunynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz ýaşlar bilen sorag-jogap alyşdy we olaryň tekliplerini diňläp «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi.  

         Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bilim ulgamyny ösdürmegiň biziň ýurdumyzyň geljegini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini, Geljekki nesil hakynda alada — munuň özi ertirki güne iň bir ygtybarly, akylly-başly maýa goýumydyr, bilim ulgamy, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr diýip Mähriban Arkadagymyzy nygtady. «Maglumatlar we tehnologiýalar» asyry diýlip atlandyrylýan XXI asyrda ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek, milli ykdysadyýetimizi ýokary tehnologiýaly pudaklar bilen üpjün etmek döwrümiziň talaby we güýçli döwlet bolmagyň esasy şertidigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz ähli babatda ýaşlara görelde bolup durýar. Suratkeşler we beýleki sungat işgärleri eser döretmekde Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän çuňňur mazmunly kitaplaryndan ugur alýarlar. Häzirki wagtda Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň bilimli-sowatly, öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Şeýle-de dünýä derejesinde dürli maksatly çäreler geçirilip, olarda özara pikir alyşmak, tejribe toplamak, dünýägaraýşyňy giňeltmek ýaly wezipeler öňde goýulýar. Gahryman Arkadagymyz döwlet ähmiýetli işlerde hem ýaş nesliň biziň geljegimizdigini belläp, olara uly ähmiýet berýär.

     Biz ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndan çuňňur many alyp, özümiziň saýlap alan hünärimizden jemgyýete peýdaly adamlar bolup hyzmat etjekdigimize ynandyrmak isleýärin. Goý Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin.

 

Mekan ANNAMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň

4-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR