Abraý – «Köpüň ynamyna giren», «hormatly, sylagly» manysyndaky bu söz pars-täjikleriň ab («suw») we ruý («ýüz»– adamyň ýüzi) sözlerinden ybarat bolup, sözme-söz manysy «ýüzi suwly» diýmekdir. Şahyr Gaýyby bu sözi abruý görnüşinde ulanypdyr: Meni ol ahyret abruýy diýrler («32 tohum kyssasy»). Abruý sözi soňra abraý görnüşine geçipdir.
Adam [a:dam] – Ilki arap, soňra pars we olardan hem yslam dininiň üsti bilen türki dillere geçen bu sözüň asly sanskrit dilinde «ynsan» manysyny aňladan adamas sözündendir, ýöne adam sözi türki dillere «ynsan» däl-de, «erkek adam» manysynda geçipdir. Häzirem türkmenler adam sözüni köplenç «erkek», aýal, zenan ýa-da aýal adam sözlerini bolsa «aýal» manysynda ulanýarlar.
Agaç – Köpýyllyk uly ösümlikleri, pürsi, oduny aňladýan bu sözüň asly ýagaç bolup, başky ý sesiniň täsiri bilen onuň yzyndan gelýän a sesi y sesine öwrülipdir: ýagaç–ýygaç. Uýgur dilinde bu söz häzirem ýagaç görnüşindedir. «Diwanda» we «Kutadgu-biligde» ol ýygaç görnüşinde duş gelýär. Garaçaý alymy M.Habiçew agaç sözüniň ýagaç şekilinden ugur alyp, bu sözi işligiň ýag/ýak («ýakmak», ýagny «odun») kökünden we -aç goşulmasyndandyr çaklaýar.
Agöýli [a:göýli] – Bu adalga Merkezi Aziýada we Eýranda geçmişde höküm süren hanlyklarda dowam eden harby-syýasy däp bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Hanlar öz basyp alan ýerleriniň ilaty goşun gaýdyp gidensoň baş göteräýmesin diýip, basyp alan ýerlerine bellän hökümdarlarynyň we ýerli ilatyň görnükli wekilleriniň ogullaryny öz paýtagtyna göçürip getirip, olara täze (ak) öý dikip beripdir. Girew (zamun) alnyp gelnen şeýle toparlara-da agöýli diýipdirler. Bardy-geldi basylyp alnan ülke şerti bozup gozgalaň edäýse, öňi bilen şol agöýlüler jezalandyrylypdyr. Ürgenç şäheriniň ýakynynda Agöýli diýen türkmen urugy hem bar. Ol urug XVIII–XIX asyrlarda Hywa hanlarynyň Mary topragyna eden köp sanly çozuşlary döwründe Marydan we Ýolötenden äkidilen agöýlüleriň nebereleri bolmaly. Bu ýerde harby-syýasy adalga bolan agöýli sözi wagtyň geçmegi bilen tire adyna öwrülip gidipdir.
Agöýli adalgasy geçmişde Ahal we Hazarýaka türkmenleriniň arasynda hem ýörgünli bolupdyr (bularda Agöýli diýen adam atlary hem duş gelýär). Ýöne bu ülkelerde agöýli adalgasynyň ýüze çykyşy biraz üýtgeşik bolup, ol girewi aňlatman, eýsem taýpanyň, urugyň ýa-da tutuş obanyň ýagy çozaýjak ýerlerinde galkan hökmünde goýlan ýaş ýigitleri – garawullary aňladypdyr. Meselem, çozup gelýän duşmany ilki bolup garşy almak üçin, Ahala gelýän dag ýollarynyň agzyna öýlenmedik ýaş ýigitleri göçürip getirip, olara gala salyp beripdirler, ýaşamaklary üçin bolsa ak öý tutupdyrlar, olara-da agöýli diýlipdir. Bu agöýlüler bir urugdan däl-de, goraljak uruglaryň hersinden deňeçerräk ýygnalypdyr. Bu garawullar soňra gatylyp-garylyp, çaga-çugaly bolup, uly obalary, soňra bolsa agöýli diýip atlandyrylan tireleri we uruglary emele getiripdirler.
Agşam – Gündiziň gutaryp, öz ornuny ýaňy gijä beren, heniz ýagtylygyň doly tümlüge geçip ýetişmedik wagtyna agşam diýilýär. Ol reňki bildirýän ak diýen türki we şam diýen pars sözleriniň birikmeginden emele gelipdir. Ak (a:k) we şam (şa:m) sözlerindäki uzyn a soňra gysgalypdyr.
Agta – «Biçilen» manysyndaky bu söz azerbaýjan, özbek, uýgur dillerinde ahta, gazak, garagalpak, gyrgyz dillerinde akta, türkmen dilinde hem agta şekilinde ulanylyp, ol pars dilindäki ahten («biçmek») işliginden emele gelipdir.
Agy [a:gy], agyry [a:gyry] – Bu sözleriň ag köki «azarlanmak, yza, ejir çekmek» ýaly manydadyr, -y we -y+-r bolsa goşulmalardyr. Bu sözlerde, şeýle-de «zäher» manysyndaky awy (a:wy) sözünde a sesleriniň uzyn aýdylýandygyny we manylaryndaky ýakynlygy nazara alsak, olaryň bir kökden döränligini çaklamak mümkin.
Agyl [a:gyl], howly – Daşy gabsalan mal ýatagyny aňladýan agyl we daşyna haýat aýlanan öýüň ady bolan howly sözleri şol bir kökden ýaýran adalgalardyr. Türki dillerde agyl sözi ail, aul, awla görnüşlerde duş gelip, «agyl», «daşy gabsalan malýatak», «germew», «howly», «oba» ýaly manylarda ulanylýar. Stawropol türkmenleriniň gepleşiginde oba sözüne derek agyl sözi ýörgünlidir. Türk dilçileri agyl sözüni «tor» (balyk tutulýan tor) manysyndaky a:k sözünden we -yl goşulmasyndan emele gelen söz hasaplaýarlar: «daşy torlanan, gabsalan mal ýatagy». Şu pikir hakykata ýakyndyr. Edil türkmen dilindäki ýaly, agyl sözüniň «mal ýatagy» manysy ilki döräp, soňra ol «howly», «oba» ýaly düşünjeleri aňlatmaga başlapdyr. Agyl sözüniň türk, gazak we beýleki käbir dillerde duş gelýän awla, awly görnüşinden howly sözi döräpdir (Budagow). Edil armak-harmak, erek-herek, aýyt-haýyt sözlerinde bolşy ýaly, awly sözüniň öňünden h sesi artdyrylypdyr, w sesiniň täsiri bilen a sesi hem o sesine öwrülipdir: awly< hawly< howly.