Elbetde, her işe zehin gerek, höwes gerek, başarnyk gerek, zähmet gerek. Adamyň iň gowy başarjak işi onuň göwnünde otyr, şoňa görä, haýsydyr bir işe ymykly baş urmazdan öňürti, göwnüňi diňlemek zerur.
***
Ata-babalarymyz öz nesillerini, ine, şu taýsyz nusganyň – hünär, düşünjelilik, zerur dilleri öwrenmek, Watany jan-dilden söýmek, tutanýerlilik, zehiniňi ýerinde ulanmak we zähmetsöýerlik babatdaky beýik mekdebiň, beýik ruhy akademiýanyň gujagynda ýetişdiripdirler.
***
Aslynda, ähli işiň, rysgal-berekediň sakasynda halal zähmet ýatyr. Zähmet çekmeli, der döküp, ene ýere hyzmat etmeli. Şonda baýlygam, saglygam gazanylýar.
***
Biziň topragymyzyň asty-üsti durşuna baýlykdyr. Ol baýlyklary goramak, netijeli ulanmak, artdyrmak biziň özümize bagly. Döwletliligimiz, ine, şuňa daýanýar, mukaddes topragymyza bolan wepadarlygymyza, söýgimize, bu topragyň üstünde döredijilikli zähmet çekmegimize daýanýar!
***
Ýeri gelende aýtsam, halkymyz taryhyň dowamynda toprak, ekerançylyk, çarwaçylyk, zähmetiň nesil terbiýesinde eýeleýän orny barada köp sanly nakyllary, pähim-paýhasa ýugrulan sözleri döredipdir. Şol ajaýyp ruhy mirasyna anyk durmuş tejribelerini siňdiripdir.
«Baýlygyň enesi – ýer, atasy – zähmet», «Daýhandan hereket, ýerden bereket» diýen ýaly nakyllara üns berseňiz, olarda ýeriň gymmaty barada aýdylmak bilen birlikde, şol uly baýlygy ulanmagy başarmagyň zerurdygy, munuň üçin zähmet çekmelidigi düşündirilýär. Emma zähmet manyly bolmaly, düşünjelilik bilen çekilen bolmaly. Şunda asyrlaryň dowamynda çuňňur bilim hem ylym derejesine ýetirilen beýik tejribäni ulanmagy başarmaly. Şonda zähmet bipeýda hem bimany bolmaz.
***
Türkmen topragy öz önümleri bilen öz halkyny üpjün edip bilýän toprak, oňa eýelik etmeli, onuň dilini tapmaly, oňa geregini bermeli, suwuň, döküniň üpjün bolmaly, zähmetiňi gaýgyrmaly däl, iş gurallaryň kämil hem ýeterlik bolmaly. Şonda toprak nygmatlaryny bolluk bilen eçilýär we sen ol baýlyklary isrip etmän ýygnap alyp bilersiň. Biz muny şu günki ajaýyp günlerimizde görüp ýörüs.
***
Akylly-başly halal zähmet bilen biz gymmatlyklarymyza eýe çykyp hem, olary döwrebap ösdürip hem bileris. Her işde zähmetiň ornunyň gutulgysyz zerurdygyna düşünen atalarymyz: «Zähmet soňy – rehnet» diýipdirler.
***
Türkmenistan abadan durmuşyň nurana ýoluny gurýar, Ýer ýüzündäki köp sanly dostlaryny parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hyzmatdaşlygyň, ösüşiň täze belentliklerine çagyrýar.
Gazanylan üstünlikler merdana halkymyzyň agzybirliginiň, netijeli zähmetiniň miweleridir. Men geljekde hem el-ele berip, yhlasly zähmet çekjekdigimize, öňde goýlan belent maksatlara ýetjekdigimize, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdigimize berk ynanýaryn.