TÜRKMEN DILINIŇ SÖZKÖKI (ETIMOLOGIK) SÖZLÜGI

Agyr – «Ýeňil» däl, köp agramly» manysyndaky bu söz ag (a:g) kökünden we -yr goşulmasyndan durýar. Manysy – «agramy çenden geçen, aňry agan». A sesindäki uzynlyk agdyk (a:gdyk) sözünde saklanypdyr, emma agram, agras, agyr sözlerindäki a sesi soňra gysgalypdyr.

Ahar, ajar, pet – Täze matadan (esasan, nahdan) tikilen eşik entek ýuwulýança gatylygyna saklanýar. Ony şeýle saklaýan närsä edebi dilde pet, ärsary şiwesinde ahar, sakar şiwesinde hem ajar diýilýär. Surhy we olam şiweleriniň wekilleri «täze», «nowça» manysynda-da ajar sözüni ulanýarlar. Matany petlemek, aharlamak, ajarlamak, ýagny täzelemek üçin ony azajyk maýda un sepilip gaýnadylan suwda saklaýmaly.

Agyzdyryk – Aty öz meýliňe tabyn etmek, ony boýun egdirmek üçin uýana berkidilip, atyň agzyna salynýan demriň agyzdyryk diýen ady türki dillerde şeýle şekillerde duş gelýär: gem (türk), gäm (azerb.), awyzjyk (başgyrt), awyzdyk (gazak), oozduk (gyrgyz), suwluk (özbek), awyzlyk (tatar), egizduruk (uýgur), sulyk (garagalp.), suluk (altaý) we ş.m. Lebap şiwelerinde-de agyzdyrygyň ady suwlukdyr. Agyzdyryk sözi agyz sözünden we -dyryk goşulmasyndan durýar. E.W.Sewortýan -dyryk/-duruk goşulmasy goşulan sözleriň iş malyny tabyn ediji esbaplaryň adydygyny belleýär. Meselem: boýuntyryk, burundyk (aslynda burundyryk – düýäniň burnuna ötürilýän taýajyk), agyzdyryk we ş.m. Ýene-de ser. Suwluk.

Ahyra [a:hyra] – Lebapdaky raýşy belent noburlar el bilen gazylan döwürlerde, noburyň düýbünden laýy bir batda raýyşdan aşyryp zyňmak mümkin bolmadyk halatlarda, raýşyň ýüzünde atylan laý saklanar ýaly uzaboýuna bir, iki, kä noburlarda üç ahyra edilipdir. Aşakdan güýçli gazyçynyň birinji ahyra zyňan laýyny ejizräk adamlar (uruş ýyllary – aýallar) ol ahyradan oňa zyňyp, gazy gazypdyrlar. Aşakdan zyňlan laýy saklamak üçin niýetlenen şol basgançaklara-da ahyra diýlipdir.

Akgum [a:kgum], garagum, gyzylgum –Bu sözler çägäniň, gumuň görnüşlerini aňladýan adalgalardyr. Akgumlar üsti ösümliksiz, şonuň üçin hem uzakdan (ylaýta-da, uçardan) syn edeniňde agaryp görünýän gumlardyr. Türkmenler üsti ösümlikli, şonuň üçinem garalyp ýatan gumlara garagum, gyzgylt çägeli gumlara gyzylgum, çägesi tolkunyp, bürküldäp ýatan çägelere hem näzçäge ýa-da näzligum diýýärler. Garagum we gyzylgum adalgalary uly çöllükleriň has ady hökmünde-de ulanylýarlar.

Akmak – «Akylsyz», «samsyk» manysyndaky bu arap sözüniň asly ahmak bolup, ilki pars diline, ondan hem türki dillere geçipdir.

Alaçyk [a:laçyk] – Iňňän gadymy döwürlerde «gara öý» manysynda ulanylan bu türki söz, biziň pikirimizçe, «a:ly (a:lny, öňi) açyk» sözlerinden bolmaly, çünki gara öýlere öň gapy edilmän, oňa derek galyň matadan, keçeden, kilimden, halydan tuty gabsalar bejerilipdir. Ençeme türki halklar, şol sanda türkmenler hem gara öýe öň alaçyk diýipdirler. Meselem, XI asyrda Maňgyşlaga birbada bäş müň alaçykly türkmeniň göçüp gelenligi barada maglumat bar. Majar alymy G.Wamberi alaçyk sözüni «türkmeniň gara öýi» diýip düşündiripdir. Alaçyk diýen türki söz alaçuk görnüşinde pars diline we laçuga görnüşinde orus diline hem aralaşypdyr.

Alahöwren [a:lahöwren] – Diňe Türkmenistanda we Özbegistanda duş gelýän iňňän zäherli bu ýylanyň ady ala we höwren diýen iki sözden ybarat bolup, onuň ala bölegi bu janawaryň arkasynda atanak şekilli ak tegmilleriň bardygy, höwren sözi bolsa onuň gözleriniň çendenaşa owadanlygy bilen baglydyr. Arap dilinde huwr-el-eýn ýa-da gysgaça huwr-eýn sözleri «hüýr gözli» diýen manyny aňladýar. Huwr-eýn hem soňra höwren görnüşine geçipdir. Türkmenistanyň dürli ýerlerinde alahöwreniň dürlüçe atlary bar. Meselem, Ahalyň ilaty oňa keseýörä:n diýýär, çünki üstüne howp abananda, alahöwren ýarty köke şekilinde düýrlenip, kellesini yza öwürýär-de, göwresini keseligine taşlap, gaçmak bilen bolýar. Balkanda bu ýylana hažlawuk, Lebapda haşyrdawuk diýýärler. Bu at ýylanyň agzyndan çykýan ses bilen däl-de, düýrlenip, ýagysyndan gaçýan ýylanyň endamyndaky ownujak teňňeleriň biri-birine süýkeşende eşidilýän haşyrdy bilen baglydyr.

Alaka, alaňňyrt – Sähralyk, baýyrlyk, gyrlyk ýerlerde hinde ýaşaýan gemriji haýwanyň alaka, alaňka diýen atlary onuň alaňňyrt (alaň gurt, ýagny alaň gurdy, möjegi) diýen adynyň gysgalan görnüşleridir. Lebap şiwelerinde we özbek dilinde bu zyýankeş haýwanyň ýumrangazyk (ýagny somalyp duran gazyk), azerbaýjan dilinde sünbülgyran, türk dilinde hem tarlasyçan (ýagny ekinçi syçan) diýen atlary bar.

Alaşa – Türkmen dilinde tohum at bilen tohum däl baýtaldan önen nesle alaşa diýilýär. Türki dilleriň köpüsinde alaşa, alaça, alaşa at görnüşlerinde ulanylýan bu adalga aglaba tohum atlary däl-de, iş, ýük, sürüm, döwek üçin ulanylýan pesräk hilli ýa-da ortaça atlary aňladýar. Alymlaryň pikiriçe, tatar we çuwaş dillerinde ilkinji a sesi taşlanyp ulanylýan bu söz (laşa ýa-da laşa at sözi) orus dilindäki loşad sözüniň döremegine sebäp bolupdyr.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR