Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserinden dostluk hakyndaky tymsal

Iki dost her bir işi maslahatlaşyp edipdirler. Olaryň birine degişli çylşyrymly ýagdaýy beýleki biri käteler oňa duýdurman çözüpdir. Şeýdip, olar uzak ýyllar iňňän gadyrly gatnaşyk saklapdyrlar. Olaryň ikisiniňem rysgaly artyp, çagalary hem ese-boýa galypdyr. Aýdyşlary ýaly, günleri özünden geçipdir. Soňabaka olaryň barşyp-gelişmäge hem elleri degmändir. Şeýdibem esli wagt ara düşüpdir. Ynha, bir günem dostlaryň biri beýlekisiniň gapysyny kakypdyr. Eý, allajanlarym, muňa näme bolduka?! Şu pikir öý eýesini ünjä goýupdyr. Dosty öňki adam däl diýýä, aladadan ýaňa ýüzi hem gara ört bolupdyr. Ol gelşine aljyraňňy halda ondan köp mukdarda pul karz sorapdyr. Dosty onuň aljyraňňy ýagdaýyny aňypdyr-da, sesini çykarman, diýen puluny berip:

– Şu pul bilen ähli aladaňdan dynýarmyň? Eger şeýle bolsa, juda arkaýyn bolgun. Sen muny yzyna gaýtarman hem bilersiň – diýipdir. Ýöne lapykeç bolup oturypdyr. Aýaly oňa:

– Näme boldy? Sen oňa diýen puluny berensiň-ä? Dostuň aladasyndan dynar. Indi nämäniň aladasyny edýärsiň? – diýip, geňirgenip seredipdir.

– Wah, dostuma men ýene-de kömek etmäge kaýyl. Ýöne meni başga bir zat biynjalyk edýär. Men wagtynda onuň bilen öňkülerim ýaly habarlaşan bolsam, biz bir alaç tapardyk. Onuň şeýle güne düşmeginiň öňüni alardyk. Men şony etmändigim üçin ökünýärin – diýipdir.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR