MYRAT ALLAKOWYŇ «ABU ALY IBN SINANYŇ ÖMRI WE YLMY MIRASY» atly eserinden rowaýat

...Bir ýurduň patyşasynyň aýalynyň el-aýagy ysmaz bolupdyr. Patyşa şol ýurtdaky ähli tebipleri ýygnapdyr. Emma olar keselliniň derdine hiç hili em tapyp bilmändirler. Ahyrsoňy olar goňşy şäherden Lukman Hekimi alyp gelipdirler.

Patyşa Lukman Hekimiň adyny öň hem eşiden eken. Şeýle şöhratly tebibiň öz hyzmatyna gelenine juda begenip, oňa uly hezzet-hormat edipdir. Lukman Hekim bilen patyşa uzak wagtlap söhbet edip oturypdyrlar, soňra ony hassanyň ýanyna alyp barypdyrlar. Lukman Hekim kesselliniň halyny sorapdyr, öňki tebipleriň nähili emleri edendiklerini anyklapdyr. Şondan soň patyşa bakyp:

– Şahym, hammamda ot ýaksynlar, suw gyzdyrsynlar. Soňra hassany gyzgyna ýakyn suwa düşürsinler, ýene nämeler etmelidigini şondan soň aýdaryn – diýipdir.  

Lukman Hekimiň aýdyşy ýaly-da edipdirler. Ol bir gyza erkek kişiniň geýmini geýindiripdir. Oňa sakgal-murt hem dakyşdyryp, patyşanyň aýalynyň suwa düşüp duran hammamyna salyp goýberipdir. Ony gören şa aýaly gorkusyndan böküp ýerinden tutupdyr-da, gizlenmek bilen bolupdyr. Şol başagaýlykda ol özüniň ysmaz keselinden sagalanyny duýman galypdyr.

Patyşa hem Lukman Hekimi hammama ugradyp, oturan ýerinde ynjalyk tapyp bilmändir. Ol ―Aýalymy bir bigänä ynanyp, men bu ýerde näme arkaýyn otyryn-a diýip, usullyk bilen, hiç kime duýdyrman hammama barypdyr. Ol baran wagty hälki murtlak ýigit onuň aýalyna hemle urup duran eken. Bu ýagdaýy gören patyşa gylyjyna ýapyşypdyr-da, olaryň üstüne topulypdyr. Erkek kişiniň geýmine giren gyz gorkusyna derrew sakgal-murtuny goparypdyr-da, kellesindäki sellesini çykaryp, uzyn saçlaryny ýaýyp goýberipdir. Bu bolşy gören patyşanyň ýokary göterilen gylyjy galdyrylgylygyna doňup galypdyr.

Patyşa derhal bu ýerden çykyp, hiç kim görmänkä, tagtyna geçip oturypdyr. Aradan köp salym geçmänkä onuň ýanyna Lukman Hekimi getiripdirler.

Patyşa ondan:

-Bu näme etdigiň boldy? – diýip sorapdyr.

Lukman Hekim:

– Şahym, bu keseliň dermany ýokdy. Şonuň üçin hassany gaty gorkuzmak gerek boldy. Ony gorkuzmak üçin hem tenha amatly görüp, şu ýoly saýlap aldyk. Aýalyňyza bigäne erkek adamyň nazary düşmesin diýibem, bir kenizi erkek kişiniň geýmine salyp, onuň ýanyna goýberdim. Çaklaýşym ýaly, bimaryňyz ol kenizi erkek adamdyr öýdüp, gaty gorkupdyr. Şeýdibem, ol derdinden saplandy- diýipdir.

Patyşa muňa örän şatlanyp, Lukman Hekime köp gymmatly serpaýlar ýapypdyr.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR