Ynsanlary biri-birinden tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň bolşy ýaly, milletleri hem biri-birinden tapawutlandyrýan aýratynlyklar bardyr. Bular, milletleriň uzak ýyllaryň dowamynda döreden, kemala getiren taryh, ahlak, däp-dessur we urp-adatlaryndan emele gelen, ynsanlara milli şahsyýet gazandyran aýratynlyklardyr. Watan söýgüsi, garaşsyz ýaşamak arzuwy, erkinligini, ar-namysyny goramak gaýratlylygy, gaýduwsyzlyk, hossarsyz kişilere hemaýat, maşgala agzybirligi, garyndaşlyk gatnaşygy ýaly häsiýetler milletimiziň taryhynyň çuňluklaryndan häzirki güne çenli dowam etdiren däp-dessurlaryndandyr. Bu gymmatlyklaryň aňsatlyk bilen kemala gelmeýşi ýaly, şahsyýetiň ruhuny bu gymmatlyklar bilen terbiýelemedik halklar millet bolup bilmez. Däp-dessurlar geçmişi şu güne, şu güni ertire eltjek gymmatlyklardyr. Şonuň üçin däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy, edep-kadalarymyzy içgin öwrenmelidiris, olary durmuşymyza ornaşdyrmaly, gadyryny bilmelidiris. Çünki milletiň şahsyýetlerini bitewileşdiren bir maksada gönükdiren gymmatlyklar bolmasa, şol millet bölünip dargar.
Milletleriň däp-dessurlary, urp-adatlary olary oturşy-turşy, geýnişi, toýy-ýasy bilen begenjinde-gynanjynda agzybirlige gönükdirer. Bir bitewi medeniýet, ahlak, aň we düşünje döreder. Ynsanlary birek-birege berk ysnyşdyrar. Şeýle gymmatlyklardan mahrum bolan medeniýetler gum depeleri ýalydyr we güýçli şemalyň öwüsginine tozap gider. Şonuň üçin atalarymyz, ynsan öz ýurduny taşlap, başga ýurda göç edip biler, däp-dessuryny, edim-gylymyny, urp-adatyny terk edip bilmez diýen manyda «Ilden çykylar, töreden çykylmaz» diýen pähimi döredipdirler.
Şu ýerde däp-dessur näme? Urp näme? Adat näme? Olaryň arasyndaky aýratynlygy bellemek gerek. Däp, dessur sözleri adat sözi bilen manydaşdyr. Urp sözi beýlekilerden az tapawut edýändir.
Ýagşylyk, bilmek, tanamak diýen manylary aňladýan urp sözi, kanun bolmasa-da, bir milletiň aglabasynyň ýa-da hemmesiniň ykrar edip, öz ýaşaýşynda nesilden-nesle dowam etdiren, akyla we dine ters bolmadyk edim-gylymlarydyr.
Adat sözi, bir jemgyýetde gaýtalanyp berjaý edilmek bilen endik bolup galan, belli bir wagtyň dowamynda däbe öwrülen edim-gylymlardyr. Adatyň, däp-dessuryň ýagşysy ýa-da ýamany bolup biler. Däp-dessurlarymyzyň kemala gelmeginde Yslamyň täsiri uly bolupdyr.
Edep ýagşy terbiýe, haýa-şerim, arassa ahlak we gowy gylyk-häsiýet diýmekdir. Doly manyda edep, ynsanyň arassa ahlaklyga degişli ähli ýagşylyklary, bütin gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemlemegini aňladýar. Şeýle bolmadyk adama biedep diýilýär.
Maşgalada, adamlar bilen gatnaşyklarda, iýmek-içmek, geýinmek, dynç almak ýaly, ynsanyň tutuş durmuşynda ahlak esaslaryna tabyn bolmak edeplilikdir. Olaryň garşysyna gidip, erbetlik etmek hem edepsizlikdir. Şu nukdaýnazardan seredilende, däp-dessurlar, urp-adatlar bilen baglanyşykly ähli düzgünler, ýol-ýörelgeler edep kadalary diýmekdir.
Köneler edep hakynda göwher sözleri aýdypdyrlar, olardan käbir mysallar:
«Edepdir kişiniň daýym lybasy,
Edepsiz ynsan – urýana meňzeş».
«Edep bir täç kimin Nury-Hudaýdan,
Geý ol täji, aman bol her beladan».
«Ylym alan adam edepden üzňe bolmaz,
Edepsiz ylym alýan alym bolmaz».
Jemläp aýtsak, edep akylyň üstüni ýetiren, ony nurlandyran, ynsany kämillige, salamatlyga, esenlige ýetiren haýyrly we gymmatly baýlykdyr.