Albasdy [a:lbasdy] – Mifik jyn-arwahyň bir ady bolan al (a:l) sözünden we basmak işliginiň öten zaman şekilinden emele gelen bu söz düýşde gara basanda göze görünýän hyýaly mahlugy aňladýar. Şu söz düzümleri arkaly albasdy sözüniň aslyna göz ýetirmek has aňsat: a:l çalmak, al kakmak, a:l (gara) basmak, al-arwah.
Alkyş – Ýagşylyk üçin aýdylýan minnetdarlygy, gowy arzuwlary aňladýan bu söz al kökünden we -k (-yk) hem-de -yş goşulmalaryndan durýar. Al köki ýalkamak (ser.) işliginiň ýal köküniň ý sesi düşen şekilidir (ýal –a:l) : ýal+yk+yş < alykyş < alkyş. Ý sesi diňe bir ýüz-üz, ýüzük-üzük, ýüp-üp/ip ýaly dar çekimlili däl, eýsem ýa:ýmak–a:ýmak, ýeňse–eňse ýaly giň çekimlili sözlerde-de düşüp bilýär.
Alma – Altaý dil maşgalasynyň fin-ugor dilleri bilen bir topary düzen döwründe (mundan takmynan 10 müň ýyl öň) bu topara sanskrit dilinden aralaşan alma (elma) sözi «turşy» manysynda bolup, ol ilki ýabany almany aňladypdyr. Mahmyt Kaşgarly käbir türki taýpalaryň bu sözi almyla görnüşinde ulanýandygyny belläp, oňa degişli şu nakyly getirýär: Atasy açyg (ajy) almyla ýese (iýse), oglunyň tişi kamar (gamaşar). Alma sözüniň fin-ugor dillerindäki şekilleri şeýle : ulmo (udmurt), olma (fin), ulme (komi), olma (mari), alma (majar) we ş.m.
Almaz – Kristal görnüşli tebigy gyraňlary bolan mineral daşa – göwhere geologlar almaz diýip at berýärler. Bezeg üçin köp ulanylýan bu daş özi ýaly daşlaryň içinde iň gymmatlysy we berkligi, çydamlylygy, gatylygy babatda iň ýokary hillisi hasaplanýar. Beýleki daşlary almaz bilen kesip bolýan bolsa-da, almazy başga daşlar bilen kesip ýa-da owradyp bolmaýar. Şonuň üçin hem zergärleriň arasynda «Almazy almaz bilen keserler» diýen aýtgy ýörgünlidir. Ýeri gelende aýtsak, sakgal syrmakda ulanylýan iňňän ýiti we ýukajyk iki ýüzli päkilere-de il arasynda almazpäki diýilýär.
Almaz (almas) sözi beýleki dillere araplardan geçipdir. Araplar bolsa ony ýunan (grek) dilinden alypdyrlar. Ýunança adamas (ýagny almaz) sözi «owralmaýan», «döwüp, bölüp bolmaýan» ýaly manylarda ulanylýar.
Alp – Gadymy türki dilde «pälwan, gahryman, batyr» we «mergen» ýaly manylary aňladan bu sözüň aslyny A.N.Kononow al (almak) işligi bilen baglanyşdyrýar («alyjy»). Emma, biziňçe, bu sözüň «belent, ýokary» we «öň» manylaryndaky al sözi bilen bagly bolmagy mümkindir. Bu söz dünýä dilleriniň ençemesiniň bir dil maşgalasyny emele getiren irki eýýamynda döräp, ol dillere şol ýa-da ýakyn manyda aralaşan bolsa gerek. Meselem, arap-pars dillerinde a:li sözi «ýokary», «beýik», türki dillerde a:l sözi «belent» (al-asman) we «öň» (alyn), hindi-e dillerinde alp sözi «belent dag» (Alp dagy), alpinizm - «beýik daga dyrmaşmak sporty» manysynda we ş.m. Alp sözüniň garagalpak, gazak, gyrgyz, tatar, çuwaş dillerindäki «örän uly», «äpet» manysy hem onuň esasy manysyndan onçakly uzaklaşmandyr. Alp sözüniň köki baradaky bu çaklama hakykata ýakyn hasap edilse, onda alp sözüniň yzyndaky p at ýasaýjy gadymy goşulma saýylmalydyr. Deň. gurp (gur+up), gorp (gor+up). Türki dillerde alyp sözüniň uzyn a sesi soňra gysgalypdyr.
Altmyş, ýetmiş – Bu türki sanlar goşma söz bolup, olaryň birinji bölegi alty we ýedi sanlaryndan, ikinji bölegi bolsa myş, miş sözünden durýar. Soňky sözüň asly barada türkşynas alymlaryň pikiri dürli. Olaryň bir topary ony «köp» manysyndaky mas diýen pehlewi we awesta sözi bilen baglanyşdyrýar. Ýöne beýle pikiriň nädogrudygyny, bu sanlardaky myş, miş sözüniň aslynda türki sözdigini bellemegimiz gerek. Bu babatda professor Z.B.Muhammedowanyň gelen netijesi has ynançly. Ol myş sözüni gadymy türki dilde «on» manysynda ulanylan mel sözi bilen baglanyşdyrýar we hekgal diýen türkmen oýnunda sanalýan sanawaçda «on» ýerine hut mel sözüniň aýdylýandygy bilen pikirini delillendirýär. Bu deliliň üstüni ýetirmek üçin, käbir türki dillerde altmyş, ýetmiş ýerine ýakutlar (sahalar) alta uon, sättä uon, hakaslar alton, çiton, tywalar aldan, çädän, altaýlar altan, çeten diýseler, çuwaşlar utmal, sitmel görnüşde aýdýarlar.
«On» manysyndaky mel sözi türki dilleriň Ural-Altaý dil maşgalasyna giren döwründe mes görnüşinde ulanylypdyr. Muny azyndan 8-10 müň ýyl öň şol dil maşgalasynyň bir agzasy bolan Perm dilinde mes sözüniň hut «on» manysynda saklanyp galandygy, ol sözi ýerli alymlaryň (meselem, K.Ý.Maýtinskaýanyň) türki alynma söz hasaplaýandygy tassyklaýar. Ynha, şu mes sözi alty, ýedi sözleriniň yzyna goşulyp, onuň yzyndan s sesi hem ş sesine öwrülip, altmyş (alty-mes-altmys-altmyş), ýetmiş sözlerini emele getiripdir.
Altyn – Gyzyl, tylla, zer sözleri bilen manydaş bolan altyn sözi iňňän gadymy türki adalga bolup, onuň birinji al bölegi gyzgylt reňki bildirýär. Bu söz şol manyda häzir hem ýörgünlidir: al ýaňak, al reňk. Umuman, altyn sözüniň al böleginiň reňk bilen bagly dörändigine şek ýokdur. Muny ýakut (saha) dilinde altyna kysyl kömüs («gyzyl kümüş») diýilýändigi aýdyň subut edýär. Al sözi alyý görnüşinde orus diline-de türki dillerden geçipdir. Daşlaryň ýüzüne köwlüp ýazylan gadymy oguz Orhon ýazgylarynda-da altyn sözüniň altun şekilinde duş gelýändigini nazara alyp, alymlaryň bir topary onuň tun bölegini «mis» manysyndaky türki söz hasaplaýar. Meselem, çuwaş dilinde tun sözi hut şol manyda ulanylýar. Eger şeýle bolsa, onda altyn sözüniň «gyzgylt mis» manysy bar. Ýöne weli altyn sözüniň tyn böleginiň «pul» manysyndaky tin, tiýin (serediň: Teňňe, tiýin) sözünden bolaýmagynyň hakykata has ýakyndygyny belläp geçeliň. Bu çözgüt derňelýän adalganyň onuň reňki bilen bagly dörändigine mantyk (logiki) taýdan hem ynam döredýär: gyzyl pul, kümüş (ak, akja) pul. Oruslar hem geçmişde altyn pula çerwones («gyzyl pul»), onuň üç köpüklik görnüşine-de altyn, altynnik diýipdirler. Soňky sözler (altyn, altynnik) türki dillerden alnan adalgadyr. Eger altyn sözüniň asly al tiýin sözleriniň birleşmeginden dörän bolsa, onda ol ilki «gyzyl reňkli (gyzgylt) pul» manysynda ýüze çykan bolmaly.
Altyn Orda – Çingiz hanyň agtygy Batyý han (1208-1255) tarapyndan düýbi tutulan we Günbatar Sibiri, Horezmi, Wolga boýlaryny, Gazagystany, Demirgazyk Kawkazy, Krymy, Wolga we Dunaý aralygyndaky giň düzlügi eýeläp, XIII-XIV asyrlarda rowaç bolan bu döwletiň Altyn Orda diýen ady «altyn» («zer») hem-de «orda» sözlerinden durýar. Soňky söz «ýygyn», «harby topar» we «şol toparyň düşlän ýeri» ýaly manylary aňladýar. Soňra orda sözi «merkez», «paýtagt» manylaryny hem öz içine alýar. Ol gazak dilinde häzirem şol manyda ulanylýar.
Alymlaryň pikiriçe, Altyn Orda adynyň döreýiş taryhy şeýle. Çingiziň gazaply neberelerine ýaranmak üçin Hytaý bogduhanlary (imperatorlary) olara gymmatly zatlar bilen birlikde, altyn-zerden tikilen bezemen çadyrlary hem sowgat edipdirler. Hili pesräk zer çadyrlar wezir-wekillere-de ýetipdir. Her düşlenen ýerde han we onuň emeldarlary şol çadyrlary dikipdirler. Täze dogup gelýän Günüň şöhlesine bu çadyrlar ýaldyrap, ýalkym saçyp, uzakdan gözi gamaşdyrar eken. Şonuň üçin ilki şol çadyrly düşelgelere Altyn Orda diýen at galýar. Soňra bu at hanyň ýaşaýan şäherine (paýtagta) we tutuş döwlete ýaýraýar.
Alyn [a:lyn] – «Ýüz tarap, öň, ileri» manysyndaky bu söz a:l («öň») kökünden we -yn goşulmasyndan durýar. Şeýle sözlere ýene mysallar: boýun, burun, bykyn, garyn we ş.m.
Anna (adna, anda, arna, aýna) [a:nna] – Birinji bogundaky a çekimlisi uzyn aýdylýan bu sözler türkmen dilinde we şiwelerde hepdäniň 5-nji gününi, ýagny yslamyň ýaýran döwletlerinde dynç alynýan, toý-baýram edilýän güni aňladýar (oruslarda woskresenýede bolşy ýaly). Şatlyk-şagalaň güni bolany üçin, araplar bu güne ýawm az-zine, ýagny «zynat güni, bezenilýän, şaý-sep dakynylýan, täze eşik geýilýän gün» diýip at dakypdyrlar. Ulanylyşda bu at gitdikçe gysgalyp, az-zine, azna görnüşine geçipdir. Käbir arap sözlerindäki z sesiniň türki dillerde d sesine öwrülýändigi üçin, türkmenler azna (a:zna) sözüni adna (a:dna) görnüşinde ulanypdyrlar. Şonuň üçin bu dilde A:dna, A:dnagül ýaly adam atlary hem köpdür. Şahyr Mätäjiniň «Meňzär bagyň gülüne» (ýa-da «Teşnit») diýen goşgusyndan alnan şu bende üns beriň:
«Elip» – med, «dal» – astyn, «nuna» – howala,
«Käbe» – otur, bolar «lamdan» soň läle,
Mätäji diýr, ismi geler kemala,
Kätip ýazar galam alyp goluna.
Bentdäki arap harplaryny birleşdirsek, olaryň jeminden Adnagül diýen at «kemala gelýär» (elip-A, dal-D, Nun-N, Howala-üstün-gysga A, käp-G, otur-gysga Ü, lam-L).
Garadaşly şiwesinde a:dna sözi a:nda (A:ndagül, A:ndamyrat), saryk şiwesinde bolsa a:rna (A:rnagül, A:rnamyrat) ýaly ulanylýar. Türkmen nusgawy edebiýatynda (meselem, «Gorkut atada») anna sözüniň a:ýna ýaly ýazylyşyna-da duş gelinýär.
Anna sözi bilen manydaş ulanylýan juma (arapça jum’a – «jemlenilýän, metjide üýşülýän gün») sözi-de durmuşda we adam atlarynda gaty ýörgünlidir.
Ant – Türki hem mongol dilleriniň bir dil umumylygyny emele getiren we entek onçakly aýrylyşmadyk eýýamynda ant sözi «dogan, ganybir dogan» manysyny aňladypdyr. Häzirem mongollar myhmana «Hoş geldiňiz» ýerine anda («Sen meniň eziz doganym») diýýärler. Geçmişde-de türki we mongol halklarynda antlaşmak («dogan okaşmak») däbi bolupdyr. Munuň üçin doganlaşmak isleýän dürli taýpalaryň wekilleri tenini dilip, ondan akan gany süýde ýa gatyga garyp içipdirler. Şondan soňra dogan okaşanlaryň hak-hukugy we borçlary hiç bir babatda hakyky doganlaryňkydan tapawutlandyrylmandyr. Şu ant içip, dogan okaşmak däbi ilimizde häli-häzire çenli saklanýar, ýöne ant sözüniň manysy häzir giňelip, ol «kasam etmek» düşünjesini aňladýar.
Aňňyrmak – Eşegiň sesini aňladýan aňňyr (şiwelerde haňňyr) sözi aň/haň ses meňzetmesinden we -yr goşulmasyndan durýar. Soňra bu sözüň ň sesi goşalanypdyr.
Aňry – Bäri sözüne garşylykly many aňladýan aňry sözi gadymy türki dillerde «ol, hol» manyda ulanylan an görkezme çalyşmasyndan we ýöneliş düşümiň -garu goşulmasyndan ybaratdyr: angaru<aňaru<aňru<aňry (şiwelerde bu sözüň na:ry görnüşi hem bar: angaru<anaru<naru<nary).
Apelsin [apelsi:n] – Asly mekany Günorta Hytaý bolup, ol ýerden hem XIX asyrda portugallar tarapyndan Ýewropa getirilen bu sitrus ösümligine we onuň ýokumly miwesine dürli atlar dakylypdyr. Ilki portugallar tarapyndan ýaýradylandygy üçin, Ýewropada oňa portukal diýipdirler. Türkiýede häzirem bu miwäniň ady pyrtykaldyr. Fransiýada bolsa oňa Pomme de Chine (Pomme – «alma», Chine – «Hytaý», ýagny «Hytaý almasy») diýip at dakypdyrlar. Fransuz dilinden nemesler ol ady öz diline terjime edip, apfelsine (nemesçe apfel – «alma», Sine – «Hytaý») diýipdirler. Miwäniň nemesçe ady Orsyýete we onuň täsiri ýeten ýurtlara ýaýrap, olarda hem apelsin sözi ulanylmaga başlapdyr.
Apgyrt – Aýakgabyň ökjäniň daşyndan aýlanýan gaty ýerini aňladýan bu söz, biziňçe, «epilen, egrelen» manysyndaky epik we «yz, ökje» manysyndaky a:rt sözleriniň goşulyp bitişmeginden hem-de birnäçe ses üýtgeşmelerine sezewar bolmagyndan emele gelipdir. Art sözündäki uzyn a öňdäki sözüň inçe we gysga çekimlilerini özüne uýdurypdyr, özi-de soňra gysga y sesine öwrülipdir. Bu sözüň ösüş ýoly şeýle: epik a :rt< epigart<apygart<apygyrt<apgyrt.
Arassa, arçamak, arlyk, artmak, aruw – Bu sözleriň esasyny düzýän we çekimlisi gysga aýdylýan ar gadymy türki dillerde «päk, tämiz, sap, goşantsyz» ýaly manylary aňladypdyr. Ýokarda sanalan 5 sözüň ählisiniň esasyny düzýän ar sözüniň yzyndan gelýän goşulmalar: -assa (pars goşulmasy), -ça, -lyk, -t, -uw söz ýasaýjy goşulmalardyr.
Araşan – Ilki dörän uçurlarynda «mukaddes suw», «mineral suwly çeşme», «şypaly bulak» manylaryny aňladan araşan, arşan diýen gadymy adalga dünýäniň köp dillerine meňzeşräk terzde aralaşypdyr. Meselem, mongollar bu sözi arşan, manjurlar araşan, gyrgyzlar arasan, Demirgazyk Kawkazda ýaşaýan halklar narzan, ermeniler arzni görnüşlerinde ulanypdyrlar. Hindi dilinde-de raşýany sözi «Hudaýyň içgisi» diýen manydadyr. Biziň pikirimizçe, Arçman diýen mukaddes mineral çeşmäniň we meşhur kurortyň ady hem şu söz bilen baglanyşyklydyr.
Arça – Serwiler maşgalasyndan bolan we hemişe gök öwsüp duran ösümligiň arça diýen ady türki art sözünden we kiçiligi, söýgini bildirýän -ça goşulmasyndan durýar, çünki dik ösýän, başy al-asmanda howalap duran serwilere seredende, arçalaryň boýy gysgarakdyr. Arça diýen adyň esasy sözi art, artmak, arçamak, arassalamak sözleri bilen asyldaşdyr. Ol bu agajyň Gündogaryň köp halklarynda arassalaýjy, päkleýji serişde hökmünde ulanylýandygy, hatda arça tokaýlarynyň howany ýokary derejede arassalaýandygy bilen baglynyşykly dakylypdyr.
Arçyn – Häzir obanyň ýerli häkimiýetine arçynlyk, onuň başlygyna arçyn diýilýär. Geçmişde bu söz «bölüg», «mülk» ýaly manyda ýüze çykan bolsa gerek. Baryp «Babyrnamada» orçyn şekilinde duş gelýän bu sözüň Syrderýa-Amyderýa sebitlerinde tümen manysyndadygyny L.Z.Budagow belleýär. W.W.Radlowyň ýazmagyna görä, gyrgyzlar köp adamly, güýçli, uly obalara orçun diýipdirler. Ýöne arçyn sözüniň hakyky köki belli däl.