MILLI MIRASYMYZY GAZANMAKDA ÝAŞLARYŇ BAŞLANGYÇLARY

Döwletiň durmuşynda ýaşlaryň ornuny pugtalandyrmak Arkadagly Prezidentimiziň gaýragoýulmasyz wezipe hökmündäki uly aladasy bolup durýar. Munuň şeýledigini Arkadagly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň VII gurultaýyna hut özüniň gatnaşmagy we taryhy söz sözlemegi, ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi aýdyň tassyk edýär. Gurultaýyň dowamynda  Arkadagly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini tassyklamagy döwletimizde ýaşlara  giň mümkinçilikleriň döredilmeginiň badalgasy boldy. Kanunda ýaşlar üçin ählitaraplaýyn oňaýly mümkinçilikler göz öňüne tutulan. Şu ýerde esasy bellemeli zatlaryň biri, ýaşlary ekologiýa taslamalaryna we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna gatnaşdyrylmagynyň kanunçylyk esaslarynyň berkidilmegi  ýaşlara bildirilýän uly ynamdan nyşandyr.

         Türkmenistan hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO (Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy) bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň täze işlenip taýýarlanylan meýilnamasy hereket edýär.

Taryha nazar salsak, Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde ähmiýetli işleri alyp barýar. Sanawyň esasy maksady täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärligi goramakdan, çuňňur öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyz boýunça 1999-njy Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, 2005-nji ýylda Köneürgenç şäheri, 2007-nji ýylda Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklaryň sanawyna 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungaty we 2017-nji ýylda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň küştdepdi milli dessury, şeýle hem  2019-njy ýylyň dekabr aýynda türkmen halyçylyk sungaty goşulýar.

Ine, ýaňy-ýakynda  gadymy Daşoguz topragynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasyna  laýyklykda “Türkmenistan-ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar” atly şygar astynda “Köneürgenç-türkmen taryhynyň ajaýyp dur dänesidir!” atly maslahat we welaýatymyzyň Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy we Ruhubelent etraplarynyň çäklerindäki taryhy-medeni ýadygärliklere döredijilik sapary  geçirildi. Bu döredijilik saparyna ýaşlar hem işjeň gatnaşdylar.  Maslahatda gadymy Köneürgenç taryhyň dürli ýyllardaky taryhy öwüşginlerini beýan edýän çykyşlaryň giň toplumyna orun berildi.  Çykyşlar çuň many-mazmuna eýe bolup, onda taryhçy alymlaryň, bilermenleriň Köneürgenjiň taryhy baradaky soňky maglumatlar boýunça özara pikir alyşmalary boldy.

Gadymy Köneürgenç topragy türkmen halkynyň we bütindünýäniň deňsiz—taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özinde jemleýär. Onuň ýadygärliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, wagyz etmek, dünýäniň ähli halklarynyň möhüm wezipesidir. Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkezi, owadan şäheri bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýärler. Maslahatlaryň maksady dünýäniň taryh ylmynyň öňdebaryjy ýörelgelerini nazarda tutmak bilen, Köneürgenç Türkmen döwletiniň taryhyny öwrenmekden, milli  tejribesini umumylaşdyrmakdan, ÝUNESKO guramasynyň sanawyna goşmak baradaky mümkinçilikleri öwrenmekden ybaratdyr.

Ata—babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni ýadygärlikleri giňişleýin öwrenmegiň, olary abat saklamagyň we geljekki nesillere ýetirmegiň, täze tapylan tapyndylaryň we çeşmeleriň dünýä ýaýradylmagynyň wajyp ähmiýeti bardyr. Munda ýaşlaryň başlangyçlaryna hem möhüm orun berilýär. Ýaşlary ylma ugrukdyrmak, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa ýaş alymlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler bäsleşigi hem anyk mysal biler. Sebäbi ýaşlar dürli ylmy ugurlarda ylmy taslamalar taýýarlap, öz işlerinde saýlap alan ugrunyň ylmy garaýyşlaryny beýan edýärler. Medeni miras obýektleri, hususan-da Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikleriniň her biri boýunça ýaşlaryň hem ylmy işlerine we taslamalaryna garaşýarys. Biziň guramamyz hem şeýle ylmy bäsleşiklere höwes bildirýän ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin degişli işleri alyp barýar.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň Daşoguz topragynda amala aşyran döredijilik saparyna  ýaşlaryň hem goşulyşýandygy,  olaryň taryhy ýadygärlikler boýunça dürli çykyşlary ýerine ýetirmegi ylma muşdak ýaşlaryň sanynyň artmagyna, esasanam ylma höwesiň artmagyna mümkinçilik döretdi. Biz ýaşlar  medeni mirasymyzy aýawly saklamak , goramak, giňden wagyz etmek we ony dünýä tanatmak ugrunda hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerine ygrarly bolup, geljekde ylmy gözleglerimiz, döredijilik başlangyçlarymyz, taryhy ýadygärlikleri rejelemek boýunça taslamalarymyz bilen çykyş edip has-da joşgunly we yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Biz ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, tutýan döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Magsat OTUZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Indiki makala

Zehinli nesil

Meňzeş habarlar