Zehinli nesil

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky alada döwletiň ykbalyny, onuň sazlaşykly we üstünlikli öňe gitmegini kesgitleýän aýdyň we bagtly geljek hökmünde aýratyn üns berýär. Hut şonuň netijesinde milli ylym-bilim syýasaty ýaýbaňlandyrylyp, binýady has-da berkidildi. Ösüşiň we belentlikleriň  gözbaşynyň ylym-bilimden başlanýandygyny türkmen ýaşlaryna sargyt edýän Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen welaýatlarda, şäherlerde, obalarda interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen, täze döwrebap orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleri, mekdebe çenli çagalar edaralary, çagalar sagaldyş merkezleri, sport mekdepleri, desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar, döredijilik başarnygyny ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalary ederis ” diýen sözlerinden, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär we dil öwrenmegi, geljekde ilimize-ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta  mekdebinde okaýan 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda “Zehinli nesil”  atly zehin bäsleşigini geçirdi. Bäsleşigiň birinji şerti “Çalt aýdyp-ýeňiş gazan” bu şertde dürli soraglar bolup, şol soraglara 120 sekundyň (2 minudyň) dowamynda jogap bermeli. Bellenen wagtda iň köp saraga jogap beren topar tapawutlanan hasap edilýär.  Bäsleşigiň 2-nji şertinde “Akyl ummany” bu şertde nakyllar we paýhaslar, geçmişi öwrenip, geljege seret (taryh, aýdym-saz), iň uly baýlyk (türkmen dili we edebiýat), 2*2=4 (matematika), oka, öwren dünýä göz ýetir (geografiýa, biologiýa we beýlekiler) ýaly gyzykly sowalara jogap bermeli. Bäsleşigiň üçünji şertinde bolsa bir suraty ýa-da şekili iňlis we rus dillerinde beýan etmeli. Bu bäsleşik örän gyzykly boldy. Gyzykly hem çekeleşikli geçen bäsleşikde  “Bagtyýar ýaşlar” topary bäsleşigiň ähli üstünlikli çykyş edip ýeňiş gazandylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hormat hatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşikde şeýle ajaýyp zamany peşgeş beren  Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar