Aý ýanynyň ýyldyzy

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ajaýyp däp-dessurlary, edim-gylymlary, millilik ýörelgeleri bar. Bu ajaýyp ýörelgeler biziň häzirki günlerimizde hem mynasyp dowam edýär. Bu bolsa elbetde, halkymyzyň özüniň gadymyýetden gelýän kada-kanunlaryna ygrarlydygyny subut edýär. Bu ýol-ýörelgelerde, bu ýazylmadyk kada-kanunlarda maşgala gatnaşyklary, maşgala däpleri, maşgala terbiýesi, maşgalada gaýyn-gelin, gelin-baldyz gatnaşyklary hem eriş-argaç bolup geçýär. “Gelen gelin däl, gelen ýeri gelin” diýlen nakyla salgylansak, öýe täze gelen gelni öýüň kadalaryna öwrenşip, şol maşgala goşulyp-garylyp gitmeginde gaýyn enä uly orun degişli bolup durýar. Öýe gelen täze gelni maşgalanyň her bir agzasy özboluşly kabul edýär. Gaýyn ene, gaýyn ata gelen gelni öz gyzlary ýaly saýyp, sarpalap söýse, ýüwürjisi ýüwrek aty bolup, gelnejesiniň hyzmatynda dursa, “Aý ýanynyň ýyldyzy – gelin ýanynyň baldyzy” diýlişi ýaly, baldyz üçin gelen gelin hem gelneje, hem eje, hem uýa, hem boýdaş bolup bilýär. Bu diýildigi gelin bilen baldyzyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň berk bolan ýagdaýynda olaryň birek-birege hamrak bolup bilýändigidir. Baldyzy hemişe gelnejesiniň ýanynda bolup, ondan hem görelde, hem terbiýe alýar. Şol bir wagtyň içinde bolsa täze gelen gelne öýüň, maşgalanyň däplerini öwredip, onuň maşgala çalt garyşyp gitmegine täsir edip bilýär. Gelen gelin üçin baldyzy ýakyn ýardamçy bolup, gelnejesi näme iş etse, baldyz onuň kömeginde bolup iş öwrenýär. Bir ýere gitseler hem, ýeňňe-baldyz bileje uýalar ýaly gidip, gelýärler. Sebäbi, biziň gadymdan gelýän ajaýyp däplerimiziň biri, täze gelen gelin myhmançylyga çörege çagyrylanda, baldyzy bilen bile gidýär. Bu gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzyň aňyrsynda uly many ýatyr. Şeýdip, täze gelin baran maşgalasynyň goňşulary, ýakyn garyndaşlary bilen tanşyp, maşgala däplerini dowam etdirýär.

Elbetde, bu durmuşda bagtly günleriň bolşy ýaly, kynçylykly günleri hem bar. Şahyryň setirlerinde: “Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýilýär. Şol ejizligi ýeňip bilsek, durmuş gör neneň owadan hem bagtyýar bolar. Baldyz bar: “Edep beren ýeňňemden, edip beren ýeňňem ýagşy” diýýän. Baldyz bar: “Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy” diýýän. Bu zatlar elbetde, durmuş synagyndan geçen hakykat. Ata-enesi öňünde söýülip, erkelenip ýören gyz üçin edep berenden, edip beren ýeňňesi has ýagşy görünýär. Emma welin, bagty açylyp, durmuşa çykyp, maşgala aladasy, öý-içeriniň işi başyna düşüp, kynçylyk çekende welin, ol gyz üçin edip beren däl, edep beren ýeňňesi has ýagşy görünýär.

Ýeňňe-baldyz gatnaşyklarynda ýüze çykyp biläýjek kynçylyklar, düşünişmezlikler olaryň ysnyşykly gatnaşyklaryna ters täsir edip bilýär. Şonuň üçin, gelin baldyzyny öz mähriban uýasy ýaly söýüp bilmeli, oňa mähir bilen garamaly, şonda baldyzynyň özüne bolan hormatynyň artmagyny gazanyp biler. Baldyz hem öz gezeginde, gelnejesiniň söýgüsine, hamraklygyna mynasyp jogap gaýtarmaly. Biziň ene-mamalarymyzdan gelýän ajaýyp ýörelgelerimize esaslansak, taryhyň dürli döwürlerinde durmuş synaglaryndan geçip, biziň kalbymyza, aňymyza, durmuşymyza berk ornaşan däp-dessurlarymyzda ýeňňe-baldyz gatnaşyklarynyň hemişe dostanalyga, özara ylalaşyga, mähribanlyga esaslanandygyny görmek bolýar. Bu ýol-ýörelgeler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowamat-dowam bolup, türkmen halkymyzyň özüniň aslyna ygrarlylygynyň, türkmen ýaşlarynyň millilik ýörelgelerine eýerýändikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

 

 

 

Gülşirin GAÝYPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

Zehinli nesil

Meňzeş habarlar