Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz şäheriniň medeniýet merkezi bilen bilelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2112 harby bölüminiň serkerdeleriniň, çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda, Daşoguz şäheriniň “Ýaşlar” merkezinde “Garaşsyzlyk buýsanjymyz” ady bilen çäre geçirdi. Dabara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, pähimdar pederlerimiziň geçen ýollarynyň şan-şöhrata beslenen sahypalaryny nusgalyk derejä götermek, şu günümiziň ösüş-özgerişli ýollaryny sapak edinmek, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzy has-da dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi. Baýramçylyk çäresinde Daşoguz şäheriniň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdymlary belentden-belent ýaňlanyp, dabara gatnaşanlara uly ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda, göreldeli harby gullukçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi
“Garaşsyzlyk buýsanjymyz”
21 Sentýabr 2022
4585

Meňzeş habarlar
25 Iýun 2025
| 515 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY
25 Iýun 2025
| 530 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM
25 Iýun 2025
| 1387 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>