“TÜRKMENISTAN – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÝOLUNDA”

Hormatly Prezidentimiziň: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar” diýen dürdäne sözleri durmuşymyzda aýdyň beýanyny tapýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda ulaglar pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmenistan ulag ulgamynyň köpugurly düzümlerini döretmek baradaky başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bu düzüm sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etmek bilen, parahatçylygy pugtalandyrýar, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär. Eziz Watanymyz Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr düzüminiň birleşen multimodal ulgamyny döretmäge işjeň gatnaşýar, özara bähbitlilik esasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy artdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürýär. Şunuň bilen birlikde, Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitläp, halkara giňişlikde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän teklipleri öňe sürýär” diýen ajaýyp sözlerinden görnüşi ýaly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki zaman köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek bolsa bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar Diýarymyzda möhüm ähmiýetli iri halkara ulag taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işlere halkara guramalar tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamyň ösdürilmegi bolsa dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyz “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 – 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýetdäki daşary syýasaty amala aşyrýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň ileri tutulýan ähmiýeti ugurlarynyň biri hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bolup durýar. Konsepsiýada kesgitlenilişi ýaly, döwrebap, sazlaşykly we ýokary tehnologiýaly ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek döwrüň talaby bolup durýar. Ol bolsa durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ony durmuşa geçirmek dünýä hojalyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam bermäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, dünýä, sebit we milli derejelerde ykdysady we durmuş görkezijileriniň ösmegine täsir etmäge mümkinçilik berýär. Ol ukyply, tutuş halkara bileleşiginiň strategik bähbitlerine laýyk gelýär.

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy şan-şöhratyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede täzeden dikeldýär. Ulag-logistika düzümi häzirki wagtda dünýä ykdysady giňişligine girmegiň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Döwletimiz soňky ýyllarda ulag pudagyny çalt ösdürýän üstaşyr-logistika düzümini döredýän döwlet hökmünde tanalýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ýurdumyzyň ulag syýasatynyň ugurlaryny mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, täze ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň öwreniljekdigi kesgitlenildi.

Ýurdumyzda ulag ulgamynda amala aşyrylýan iri taslamalar durmuşa geçirilip, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýady berkden tutulýar. Şeýle taslamalaryň biri hem, ýaňy-ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsidir. Ýol çekmek, köpri gurmak halkymyzda iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Bu köpri Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ýol boýunça çykmakda netijeli hyzmat eder.

Ulag ulgamynyň halkara hojalyk gatnaşyklarynyň durnukly we deňeçer ösüşine göni täsiri bolan dünýä ykdysadyýetiniň möhüm tapgyrlarynyň biri bolup durýandygyny nazarda tutanyňda, ýurdumyzyň ulag syýasatynyň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretmegi we bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň ähmiýetiniň örän möhüm häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha beýgelýän zamanasynda ýurdumyz umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän, ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan döwlet hökmündäki ornuny barha berkidýär. Eziz Diýarymyz bu ugurda halkara çäreleriň hem geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şu ýylyň 15 – 16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň” geçirilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen halkara maslahata birnäçe ýurtdan hem-de birnäçe halkara guramalardan wekilleriň gatnaşmaklarynyň özi hem ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýynyň belentdiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanda gysga döwürde dünýä ähmiýetli ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bolsa öz nobatynda, häzirki döwrüň geosyýasy we geoykdysady ösüş zerurlyklary hem-de maksatlary bilen şertlendirilendir.

Soňky ýyllarda döwletimizde iň öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilen döwrebap howa menzil toplumlary, demir ýol menzilleriniň binalary guruldy, polat ýollaryň hem-de giň awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi, inženerçilik desgalary bolan demir ýol we awtomobil köprüleri ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Ýewraziýanyň uly ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmekde milli ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar. Netijeli özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy dost-dogana uzaýan ýollaryň ygtybarlylygyna baglydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyz häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bütin dünýä ýüzüne hoşniýetlilik ýol-ýörelgelerini ýaýýan, halkymyzy täze belentliklere tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işlerine buýsanjymyz günsaýyn goşalanýar.

Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini belende göterýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun !

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar