Dargan gala we Dargan baba taryhy ýadygärlikleri

Dargan gala, Darganata şäheriniň 4,5 kilometr günorta-gündogarynda,  ýerleşýän orta asyr galasynyň galyndylarydyr. Tanymal filolog alym S.Atanýazow IX asyr arap taryhçylarynyň işlerinde Horezmşalar döwletiniň Gürgençden (Köneürgenç) soňky iň uly şäheriniň ady hökmünde ýatlanýan  Dargan sözüniň manysynyň  belli däldigini nygtaýar we salgylanmak bilen, ähtimal, onuň “gaýykçy, gämiçi, kapitan” manylaryndaky   “darga” sözüniň  köplük sany bolmagyny çaklaýar. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “Darga” sözüne şeýle düşündiriş berlipdir:

1.“Darga”-at. Deňiz, derýa ýakasynda gerişleri, eginleri bilen gämi çekýän adam.

2.Ýük çekilýän gaýygy, gämini sürýän adam; gämiçi.

Amyderýanyň şu böleginden gämi gatnawyna amatly ýer bolany üçin, darga işi ýagny gämi gatnawynyň dowamly şu ýerden guralmagy ilki-ilkiler kiçijik obanyň, soňluk bilen şäheriň döremegine getiripdir. Netijede Dargan şäheri taryhy sahypasyny başlaýar. Häzirki günde Dargan gala, ýerli ilat tarapyndan Köne gala, Daky Ýunusyň galasy, Ak gala  ýaly atlar bilen hem atlandyrýar. Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Dargan şäheriniň düýbi irki orta asyrlar döwründe, ýagny Yslam dininiň Türkmenistana ýaýramagyndan öň tutulypdyr. XI asyrda Dargan Amuldan Gürgenje barýan kerwen ýoluň ugrynda düşelge nokady hökmünde ýatlanýar. Makdisi 985-nji ýylda ýazan “Ahsin-at-takasim fi marifat al-akalim”(Ýurtlara akyl ýetirmek üçin iň gowy bölünişik) diýen işinde Darganyň, Gürgençden soň iň uly şäherdigini, onda juma metjidiniň bolandygyny, derýanyň beýleki tarapynda oňa taý geljek metjidiň ýokdugyny, onuň gymmatbaha daşlar bilen bezelendigini, altyn çaýylandygyny ýazypdyr. Bu ýerde köp sanly üzümçilik bolupdyr, üzümçilik bilen gurşalan meýdan derýanyň boýuna 2 farsah (1farsah-5-6 kilometr) bolupdyr. Bu ýerden kişmiş daşalypdyr. Ol ”Dargan şäheri  Jeýhun derýasynyň geçelgeleriniň biridir.” diýip, belleýär.

 Dardan gala orta asyr gurluş arhetektura aýratynlygy Horezmiň galalaryna meňzeşdir. Galanyň umumy meýdany 8 gektar bolup daşky diwarlarynda öňe çykarylyp gurlan birnäçe gönüburçly we tegelek diňler  bolupdyr. Galanyň goragynda bu diňleriň ähmiýeti uly bolupdyr. Galanyň beýikligi 6-8 metr, diwarlarynyň ini  4-5 metr aralygynda bolupdyr. Diwary we diňleri gurmakda çig , bişen kerpiç we palçyk laý ulanylypdyr. Sungaty öwreniji G.A.Pugaçenkowanyň häsýetlendirmesi boýunça küňreleriň diametri 6,5 metre ýetýär. Onuň aşaky bölegi guýma edilip, ýokarsy inçelýän ýarym aýlawly görnüşli bolupdyr.  Olar esasy diwarlar bilen agaç germewler arkaly birleşdirilipdir.

Galanyň diwarynyň iç tarapyna birikdirilen jaýlar agaç bilen basyrylypdyr. Diwarlaryň berk durmagyna ýardam edipdir, üstünde gorag niýetli ok atyş nokatlary bolupdyr. Galanyň iki sany derwezesi bolup, olar günbatar we gündogar tarapda ýerleşipdir. Gala merkezi böleginden demirgazykdan günorta tarap uzaýan diwar bilen ikä bölünipdir. Tapylan arheologik maglumatlardan ugur alyp G.A.Pugaçenkowanyň aýdyşy ýaly, galanyň günbatar bölegi senetçi, hünärmenleriň ýaşan ýeri, gündogar bölegi bolsa ýer eýeleriniň, täjirleriň we şäher dolandyryjylarynyň we olaryň maşgalasynyň ýaşan ýeri diýlip nygtalýar.

 

Mongollaryň çozuşlary döwründe şäher 50 gektara barabar bolupdyr. Olar şäheri basyp alanlarynda da ýaşaýyş düýpli ýitip gitmändir. Halk çarwaçylyk we awçylyk bilen meşgullanypdyr. Dargan gala, Köne gala, Ak gala, Daky Ýunusyň galasy diýlip atlandyrylan bu şäher  galasy köp taryhy öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär.

Magtymguly Pyragy “ Harap eýlär”  atly şygyrynda Dargan şäheri diýip belläp geçýär

 

Dargan baba ýadygärligi - Orta asyr Dargan şäheriniň günorta-gündogar tarapynda ýerli ilat  tarapyndan Dargan baba diýlip atlandyrylýan kümmet ýerleşýär. Häzir bu şähristandaky ýeke täk saklanyp galan binadyr. Ol birwagtky Darganyň hökümdary Mizrabşanyň kümmetidir. Ol taryhy çeşmelerde köplenç “Darganata mazary” ady bilen gabat gelýär. Kümmediň ady “Darugan Ata”  görnüşinde XYII asyrda Abulgazynyň işlerinde hem ýatlanýar. XIY asyryň ahyrynda we XY asyryň başlarynda Emir Temiriň ýörişlerinden soň Dargan şäheri kem-kemden ýaşamagyny bes edýär. Şondan soň kümmediň ady töwereginde ýaşaýan ilat tarapyndan “Darganata, Darganbaba” kümmeti diýip atlandyrylyp başlanypdyr. Emma arheolog H.Ýusupow bu adyň soň dakylandygyny, mazar daşynda arap harpynda Mizrap Padit atly biriniň ýazylandygyny aýdýar.

Magtymguly Pyragy “ Hezarystanasary” atly şygrynda bu kümmet barada:

Nurata, Baba Dargan,

Degresi derýa, gorgan,

Bardyk sary Bakyrgan,

Şol Türküstana sary

diýen setirlerde ýatlaýar.

Häzirki wagtda ýerli ilat tarapyndan bu ýerde VIII asyryň görnükli arap serkerdesi Abu-Muslim Horasanynyň jaýlanandygyna ynanylýar. Ýerli ýaşulylaryň aýtmagyna görä 1970-1980 ýyllara çenli bu mazara Dargan babaň mazary diylip, ondan soňky ýyllarda Abu-Muslimiň mazary diylip başlanypdyr.

Ol 26-27 santimetr ölçegindäki,  galyňlygy 4-4,5 santimetre ýetýän  dörtburç kerpiçden gurlupdyr. Palçyk garyndy bilen örülipdir. Ol iki sany otagdan ybarat bolup, gapysy demirgazyga bakdyrylypdyr. Onuň gümmezi sekizgyraňly arkanyň üstünde ýerleşdirilipdir. Onuň içinde hiç hili bezeg alamatlary saklanyp galmandyr.

 

Dargan baba mazarynyň meşhurlygy XIX asyrda Hywa hanlarynyň bu ýere zyýarata gelmegine sebäp bolupdyr. Hywa hany Allaguly han 1826-njy ýylda Eýrana ýörişi mahalynda bu ýeri zyýarat edip sadaka beripdir. Hywa hany Muhammet Emin han kümmetde dikeldiş işlerini geçiripdir. Ýöne ol abatlaýyş işleri doly gutarnykly bolmandyr. XX asyryň 50-nji ýyllarynyň ortalarynda Darganata kümmetinde geçirilen barlaglaryň netijesinde ol ýerde 5 sany adamyň jaýlanandygy anyklandy.

Ýerli ilatyň aýtmagyna görä kümmetde, Darganata ýagny Hydyr ata we onuň ejesi Nur elti, Mizrab Şa hem-de Abu-Muslimiň tarapdarlaryna söweş paltalaryny ýasan Ussa Hürdek jaýlanypdyr.

Dargan baba kümmetiniň gündogar tarapynda ýerleşýän merdiwan

Dargan baba kümmetiniň gündogar tarapynda ýerleşýän merdiwan barada hem taryhy maglumatlar bar . Ol merdiwanyň goýulmagynyň sebäbi ilki bilen binanyň üstüne çykmaklyk üçin hazirki dowrüň tehnikalary bolmandygy üçin gurluşyk işleri geçirilende gurluşyk enjamlaryny binanyň üstüne çykarmak üçin gurlupdyr, şeýle hem binanyň üsdüne çykyp azan aýdyp halky namaza çagyrmak niýeti bilen gurlupdyr. Bu merdiwan barada halkyň dilinde ýenede bir aýdylýan  rowaýatlar bar ol hem zyýarata gelýän adamlar şol merdiwana münüp geçýän  ekenler  eger geçýän adamlaryň  agyr günäleri bolsa ol adamlar  merdiwandan geçip bilmeýändigi ýada ýykylýandygy barada hem rowaýatlar halkyň dilinde giňden ýaýrandyr.

 

Ç.Seitow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Darganata etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2024 | 21 okalan

MÖHÜM WEZIPELER MASLAHATLAŞYLDY

13 Sentýabr 2024 | 15 okalan

ELI HÜNÄRLI GYZLAR BÄSLEŞDILER

12 Sentýabr 2024 | 35 okalan

YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI