Astanababa Ýadygärligi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda, Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, özgerýär. Eziz Watanymyz ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanýar, belent sepgitlere ýetýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli medeniýetimize, medeni mirasymyza sarpa goýmakda, ony ösdürmekde we dünýä ýaýmakda birnäçe maksatnamalar işlenip düzülýär we durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüjilikli we okgunly ösýän döwlet hökmünde abraýyny barha artdyrýar, ýurdumyz baý milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tutuş halkara bileleşige has doly açylýar. Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bar. Olar dünýäde giňden ykrar edildi.

Biziň topragymyzda ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň bolandygyny kesgitleýän Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýadygärlikleri bar. Nusaý, Merw, Köneürgenç, Dehistan, Sarahs, Abiwerd taryhy-medeni ýadygärlikleri, Gökdepe galasy açyk asmanyň astynda özboluşly muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri ähliumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bezeglideräniň gaýadaky şekilleri, Abiwerdiň, Sarahsyň binagärlik toplumlary we Amyderýanyň kenaryndaky gadymy döwre degişli desgalar dünýä bellidir.

Türkmen halkymyz gadymy döwürlerden bäri dünýä taryhyna, medenýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan  halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler doly tassyklaýar. Astanababa  taryhy-binagärlik  ýadygärligi hem ýurdumyzyň meşhur taryhy binalarynyň biri bolup,  ol Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň  merkezinden 10 km günbatarda  Astanababa şäherçesiniň çäginde ýerleşýär. Astanababa binagärlik toplumy arhitektura ýadygärligi bolup, onuň ilkinji binýady XII asyrda desgalandyrylypdyr. Astanababa ýadygärliginde geçen asyrlarda dürli döwürde birnäçe dikeldiş we rejeleýiş işleri geçirilipdir. Emma şonda-da onuň esasy durkuna üýtgeşiklik girizilipdir. Diňe onuň ýykylan ýumrulan-ýerleri rejelenipdir. Eger-de siz ýiti syn edip görseňiz bu ýadygärligiň dört gümmezinde XII-XIII asyrlaryň arhitekturasynyň yzlaryny görersiňiz. Soňra bu gümmezlere barýan dokuz sany kiçi gümmezi bolan dälizde bolsa XVI-XVII asyrlaryň arhitekturasynyň yzlaryny görmek bolýar. Diýmek, bu ýadygärligiň dälizler toplumy soňky döwürde gurlupdyr.

Geliň indi bolsa bu taryhy-ýadygärligimiziň döreýiş taryhyna nazar aýlalyň. Halk içinde aýdylýan dürli rowaýatlara görä, Balhyň Çar welaýatynyň hökümdarynyň ýeke-täk gyzy bolup, Ibn Aly Nur ogly şol ýeke gyzyny Zemm, Kerki welaýatynyň häkimine durmuşa çykarýar. Emma köp wagt geçmänkä Ibn Aly Nur oglunyň şol ýeke gyzy biwagt aradan çykýar. Bu habary eşidip biçak gussa batan Ibn Aly Nur ogly ýekeje gyzyny jaýlamak üçin öz ýakynlary bilen Kerkä gelýär. Gyzynyň hormatyna ol onuň mazarynyň üstünde owadan gümmez galdyrmak üçin dürli ýerlerden ussalary çagyrýar. Ussalar işe girişip gümmezi galdyryp başlaýarlar welin gümmez öz-özünden ýykylýar duruberýär. Bu ýagdaýa örän hapa bolan Ibn Aly Nur ogly bir gije düýş görýär. Düýşünde oňa bir aksakgally goja ýanyna gelip gurulýan gümmeziň laýyny we suwuny taýýarlanda oňa Mekge-Medineden getirilen suwy we gumy goşmagy maslahat berýär. Ertesi düýşündäki tabşyrygy berjaý etmek üçin ol Mekge-Medinä kerwen ýollaýar. Haçan-da kerwen dolanyp gelen-de onuň getiren suwuna gümmeziň gurluşyga üçin suw alynýan guýa guýýar, topragyna-da kerpiç örmek üçin taýýarlanylýan palçyga goşýar. Ine, şeýdip taýýarlanan palçyk bilen gümmeziň ähli ýerini galdyrýarlar welin, ol asla gyşarmandyram, ýykylmandyram. Şeýlelikde XII asyrda bu ýadygärligiň ilkinji gümmezi bina bolupdyr. Haçan-da Ibn Aly Nur ogluny özüni-de ýogalandan soňra gyzynyň ýanynda jaýlapdyrlar. Bulardan başga-da bu kümmetde dördünji Halyf Hezreti Alynyň neberelerinden bolan Zeýit Alynyň we Zubeýd Alynyň-da  mazarlary bar. Hut şonuň üçin-de bu ýadygärlik mukaddes, keramatly ýer hasaplanýar.

Bu kümmete dürli ýerlerden zyýarata gelýärler. “Astana” diýen sözüniň özi-de arap-pars sözi bolmak bilen “mukaddes bosaga”, “keramatly ýer” diýen manylary berýär. Hut şonuň üçin-de bu ýadygärlik ýörite hasaba alnyp, ol döwlet tarapyndan goralýar we wagtly-wagtynda rejeleýiş-dikeldiş işleri geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky “Ýadygärlikleri rejelemek we dikeltmek” müdirligi bu ýerde birnäçe rejeleýiş işlerini geçirdi. Ýerli ussalaryň kömegi bilen bu ýerde ýadygärligiň kerpiçleri ýaly dört tarapyda 24 santimetr, galyňlygy 5 santimetr bolan kerpiçler guýlup, soňra olar ýörite Humdanlarda bişirildi we ulanyldy. Häzirki wagtda bu Astanababa ýadygärligine Kerki şäherinde döredilen “Kerki taryhy, medeni döwlet goraghanasy” öz hasabyna almak bilen howandarlyk edýär.

Halkymyzyň bäş müň ýyllyk gadymy taryhy, özboluşly däpleri, Watanymyzyň taryhy eýýamda ýeten derejesi örän baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar. Taryhy ýädygärlikler we türkmen topragynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar dünýäniň taryhy medeni-mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Munuň özi taryhy ýadygärlikleri öwrenmek hem-de wagyz etmek işiniň has-da ösdürilmegine, geljek nesillere ýetirilmegine ýol açýar.

Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, baý medeni mirasynyň, milli gymmatlyklarynyň ylmy esasda öwrenilmegi we dünýäde giňden wagyz edilmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

A.RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2024 | 21 okalan

MÖHÜM WEZIPELER MASLAHATLAŞYLDY

13 Sentýabr 2024 | 15 okalan

ELI HÜNÄRLI GYZLAR BÄSLEŞDILER

12 Sentýabr 2024 | 35 okalan

YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI