“Ýaşlar – döwletiň daýanjy”

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşi etrap häkimligi hem-de etrap bilim bölümi bilen bilelikde, etrabyň 41-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Ýaşlar – döwletiň daýanjy” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň wekilleri, mekdebiň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyş edenler, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynda eden taryhy çykyşynyň, kabul eden Kararlarynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin düşündirdiler.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 0 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 1 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 1 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY