“Asuda Watanda ýollar abadan”

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi şäher polisiýa bölümi bilen bilelikde, şäheriň 25-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Asuda Watanda ýollar abadan” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri çykyş edip, ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmeklik, päsgelsiz çatryklardan, pyýada geçelgelerden geçmeklik, aýratyn hem, mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmekleri we berjaý etmekleri dogrusynda giňişleýin düşündirdiler.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 0 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 1 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 1 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY