“Şekillendiriş sungatynda mähriban Diýarymyň waspy”

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşi etrabyň çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli hem-de ýaşlaryň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Şekillendiriş sungatynda mähriban Diýarymyň waspy” atly surat bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň çeken suratlarynda bäsleşigiň şertlerine görä, hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşi, parahatsöýüjilik ýörelgeler, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplygymyz, “Halkyň, Arkadagly zamanasy” ýyly, bedew atlaryň çeper keşbi öz beýanyny tapdy.

Bäsleşigiň eminler topary bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň çeken suratlaryny synlap, aşakdaky ýaşlary ýeňijiler diýip yglan etdiler:

Mekdebiň 1-nji synp okuwçysy Ataşowa Aýlar, 2-nji synp okuwçysy Garaýewa Çeper dagylar 1-nji orna, mekdebiň 3-nji synp okuwçylary Geldiýew Haldurdy, Kakaýewa Näzik dagylar 2-nji orna hem-de mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Şageldiýewa Enemähri, 2-nji synp okuwçysy Annageldiýewa Sähra dagylar 3-nji orna mynasyp boldylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine, şeýle hem işjeň  gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşiniň, etrabyň çagalar sungat mekdebiniň Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Meňzeş habarlar