21-nji sentýabrda, sagat 15:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilen bilelikde, şäheriň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, halkara derejeli ussat türgenleri ýetişdirmek maksady bilen, mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Sport – sagdynlygyň gözbaşy” şygary bilen sportuň basketbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi.
Bäsleşikde “Galkynyş” we “Agzybirlik” toparlary özara bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde, “Agzybirlik” topary erjellik bilen öňe saýlandy.
Ýeňiji bolan topara hem-de ýaryşa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.