“Tebigata aýawly garamak – ekologiýa medeniýetiniň özeni”

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi etrabyň häkimligi bilen bilelikde, etrabyň merkezi kitaphanasynyň mejlisler jaýynda edara-kärhanalaryň Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda “Tebigata aýawly garamak – ekologiýa medeniýetiniň özeni” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň özboluşly täsin tebigatynyň bardygy, bu ajaýyp tebigatymyzy goramak, onuň arassaçylygyny üpjün etmek, tokaý zolaklaryny döretmek babatdaky çykyşlara giň orun berildi.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 21 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 23 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 18 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY