GYMMATLY YLMY ÇEŞME

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň şäher, etrap Geňeşleriniň guramaklarynda Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitabynyň XIV jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabaralarda çykyş edenler, bu kitabyň ähmiýeti, türkmen topragynda bitýän, gözel tebigatyň endemik ösümlik görnüşleriniň halk lukmançylygynda has giňden peýdalanylýan, saglygy goraýyş ulgamynda ulanylmadyk we öwrenilmedik birnäçe ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň açylyp görkezilendigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem çykyş edenler, bu kitabyň öňki tomlarynda türkmen halkynyň köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan dermanlyk ösümlikler bilen baglanyşykly ylmy sungaty, ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada maglumatlaryň juda uly gorunyň jemlenendigi, ynha, şol maglumatlaryň gös-göni dowamy bolan kitabyň on dördünji tomunda hem birnäçe şypaly häsiýete eýe bolan dermanlyk ösümlikler dogrusynda doly we düýpli maglumatlaryň berilýändigi, bu kitabyň halkymyz, şol sanda saglygy goraýyş işgärleri üçin gymmatly gollanmadygy, halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda ygtybarly hazynadygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy barada ýadawsyz aladalar edýän, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy hasaplanylýan adamyň saglygyny gorap saklamakda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Meňzeş habarlar