GÖROGLY ŞADESSANY WE ATÇYLYK SPORTY

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly milletimiziň milli gymmatlyklara bolan uly hormatyny äleme aýan etdi. Milli gymmatlyklarymyz hakynda söz açylanda, hormatly Prezidentimiziň taryhyň başlanýan ýerinde we başlanýan döwründe bedewli geçilen menzilleriň taryhyň esasynda ýatandygy baradaky pikiri seriňe dolýar. Alys geçmişde hakyky atşynaslary, seýisleri kemala getirmekde Göroglynyň atasy Jygalybegiň wesýetleri mekdep bolup hyzmat edipdir. «Görogly» şadessanynda atlaryň reňkleri durmuşy synaglaryň üsti bilen janly beýan edilýär.

Jygalybeg kowguda gelýän atlaryň reňki boýunça olaryň häsiýetini hem-de ýetmezçiligini dogry kesgitleýär. Görogly bilen artlaşykly gelýän Jygalybeg suw atynyň nesli bilen kowga el bermän, duşmanlardan gaçyp gutulýar. Göroglynyň öz Gyratyna bolan gatnaşygy, hormat – sarpasy Jygalybegiň öz agtygyna seýisçiligiň syrlaryny kämil derejede öwredendigini görkezýär. Şeýle hem eseriň süňňüni düzýän wakalar, Göroglynyň ýaşy baradaky gürrüňler, hakykatdan-da, bedew atyň ynsan saglygyna, ruhubelentligine oňaýly täsirini ýetirýändigine anyk delilleri berýär. Bu hakykat bilen taryhy maglumatlaryň ençemesinde ýüzbe-ýüz bolýarsyň.

B.e. öňki XIV asyrda ýaşap geçen gadymy grek lukmany Gippokrat: «Ata münüň, at ýaly sagdyn bolarsyňyz» diýipdir. Ol at münüp çapmaga bedeniň işjeňligini kadalaşdyrýan, keselleriň galdyran «yzlaryny» aýyrýan, dertlere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýan, ýaşaýyş ukybyny beýgeldýän zat hökmünde seredipdir. Bedew atlarynyň hassalara we ýaralanan adamlara oňyn täsiri baradaky ýazgylar orta asyrlardan biraz soňrak ýaşap geçen lukmanlaryň işlerinde-de duş gelýär. Ippoterapiýanyň, ýagny, at üstündäki bejerginiň uly artykmaçlygy onuň ugurlarynyň juda köpdüginde, çalt we oňat netije berýändiginde, syrkawyň ýagdaýyny durnukly gowulandyrýandygyndadyr.

 

Gülşat BERDILIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar