EDEP – ALTYN, TERBIÝE – HAZYNA

Berkarar Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edep-terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Türkmen halky gadymy halk, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi, çagalarynyň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýupdyrlar. Ata-babalarymyzdan galan mirasymyzda pähim-paýhas jemlenendir. Şunda türkmen maşgalasynda ata-enä, Watana, topraga bolan hormat uludyr.

Edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Ata-ene perzendiň “durmuş halypasy” hasaplanýar. Pähimdar ata-babalarymyz terbiýeli çagany miweli baga meňzedipdirler. Terbiýeli perzent, göýä miweli daragt ýaly, ile-güne hemaýat saýasyny salýar. Çaga dünýä inen gününden başlap, onuň ilkinji terbiýeçisi hem-de iň ygtybarly maslahatçysy ata-enesidir. Ulularyň göreldesi çagalaryň ruhy taýdan ösüşine täsir edýär. Çagalar ata-eneleriniň aýnasydyr. Ata-ene çagasyny ýagşy ýola ugrukdyryp, wagtyny gowy işlere sarp etmegi öwreden halatynda, perzentde kämillik endikleri terbiýelenýär. Şu ýerde çaga ýaşyna görä gowy terbiýe bermek zerurdyr. “Çagany ýaşdan...” diýlişi ýaly, ata-ene ýaman bilen ýagşynyň tapawudyny, hormat-sylagy, ata Watanyňa söýgüni, gowy häsiýetleri öwretmeli. Çaga mydama eşiden zadyndan, gözi bilen gören zadyny has gowy ýadynda saklaýar. Çagalar ata-enäniň, golaýyndakylaryň özara gatnaşyklaryndaky biri-birine goýulýan sarpa, hormata, mylaýymlyga, hoş sözlülige ünsli bolýarlar, olara meňzemeklige ymtylýarlar. Bu bolsa ynsanda ýagşy gylyklaryň döremegine getirýär.

Türkmeniň ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, islendik döwletli işi ýola goýmak, amala aşyrmak we şol meselede üstünlik gazanmak üçin, ilkinji nobatda, erk-ygtyýar, sabyrlylyk, tutanýerlilik zerur. Ýadaman, ýaltanman bu ugurda göreşmeli, irginsiz zähmet çekmeli. “Zähmet soňy rehnet” diýlişi ýaly, seniň azabyň soňy netijeli bolar, eşretli durmuşa gözüň düşer. Terbiýe her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, onuň häsiýetine, islegine görä bolmaly. Ata-babalarymyz çaga terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşip, durmuşda gabat gelýän edim-gylymlar bilen bagly terbiýeçilik ähmiýeti bolan ýörelgeleri, yrymlary, däpleri döredipdirler, olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Terbiýe meselesinde pederlerimiziň goýup giden ýörelgeleri biziň üçin uly görelde.

Paýhas çuňluga aralaşdygyça, zehin belentlige galýar. Şeýdip, paýhas çuňundan – ygtybarly kökden iýmitlenen zehin belent daglar ýaly alyslardan seredeniňde-de gözüňi dokundyrýar. Nesil terbiýesi hem edil şu deňeşdirme mysaly. Maşgalada ata-enäniň esasy wezipesi çaganyň terbiýesi bolup, özlerinde bar bolan gujur-gaýratyny, maşgala bilimini, sowadyny, hünärini we maşgala edebini perzentlerine geçirmekden ybaratdyr. Çaga terbiýesi baradaky oňat däp-dessurlar gadymdan gelýän adatlar bilen bir hatarda, “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly eserlerimizde hem beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitabynda: “Kakam bilen dünýäniň nusgawy edebiýatlarynyň söhbedini etmek has-da gyzyklydy. Magtymgulyny kakam köp okaýardy. Şahyryň çagalygyndan aňyna ornan, uruş döwründe obadaşlaryna okap beren goşgularyny okaýarka, olar barada eşiden rowaýatlaryny, obadaşlary bilen bagly wakalary hem köp ýatlaýardy. Şol pursatlar örän ýakymlylygy bilen hakydama ebedilik ýazyldy” diýip bellemegi, ýöne ýerden däldir. Çünki, milli edebiýatymyz, halk döredijilik eserlerimiz giň umman ýaly ýaýylyp ýatan mertebe mukamydyr, özboluşly milli terbiýe mekdebidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy hasaplanýar.

Türkmen durmuşynda “Maşgalam – baş galam” diýlip, maşgala ojagynyň mukaddesligine örän uly sarpa goýulýar. Ata-babalarymyz “Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet”, “Edep zenan üçin geýim ýalydyr”, “Edep bir täçdir”, “Enäniň mähri – zor, terbiýesi – zer”, “Edenli gelin ojaga şeker, edebi ýüregiňe nur bolup çöker”, “Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt” ýaly pähimli sözleriň üsti bilen zenanlaryň maşgaladaky, jemgyýetdäki ornunyň uludygyny, olaryň adamzadyň dowamatyny dowan etdiriji mähribanlardygyny beýan edipdirler. Ata – maşgalanyň galasy, ene – ojagyň sütüni hasap edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasy bilen döredilen ajaýyp kitaplarynda hem maşgala ojagy, zenan mertebesi, enäniň maşgaladaky orny, mukaddesligi giňişleýin açylyp görkezilýär.

Çaganyň ähli ýaşdaky döwründe zähmet terbiýesine köp ýykgyn edilipdir. Maşgala zähmetiniň çagany terbiýelemekde ähmiýeti uly bolupdyr. Çagany ýaşlygyndan zähmete uýgunlaşdyrypdyrlar. Eýýäm eli käse tutup başlan döwründen, çaga alyp git-getir ýaly ýeňiljek işler buýrulyp başlanypdyr. Munuň özi çaganyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde möhüm orun tutupdyr. Aslynda, zähmet ynsan ýaşaýşynda iň zerur zatlaryň biridir. Halkymyz zähmete bolan söýgüni, öz ukybyna görä hünär saýlamagy esasy şertleriň biri hasaplapdyr. Ýaşlary zähmetiň üsti bilen terbiýelemekde, atalar sözüne we nakyllara ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Her bir türkmen maşgalasy çagalary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda “Çekseň zähmet – ýagar rehnet”, “Halal zähmet – baky döwlet”, “Az-az öwrenip, ussa bolarsyň, işlemeseň, hassa bolarsyň”, “Hünärli ýigit – miweli agaç” ýaly müňlerçe parasatly sözlere salgylanypdyrlar. Ata-babalarymyz halal çekilen zähmetiň ýagty geljegiň kepili bolýandygyny öz nusgalyk işleri bilen subut edipdirler. Maşgalabaşy oglunyň öz hünärini dowam etmegini isläp, inçe syrlaryny, talaplaryny öwredipdir. Şeýlelik-de, halkyň düşünjesine görä, zähmet çekmek – munuň özi diňe bir hal-ýagdaýyň gowy, ýaşaýşyň üpjün bolmagy üçin zerurlyk hasaplanylmandyr. Zähmetiň hakyky şahsyýetiň ösüp ýetişmeginde uly täsiriniň bardygyna düşünipdirler. Ekininden bol hasyl alan bir janypkeş daýhandan: “Hasyllylygyň syry nämede?” diýip sorapdyrlar. Ol: “Nahal ömrüň paýalaryny ýerim bilen bagladym, gabarçakly aýalarymy derim bilen ýagladym” diýip, ruhubelent jogap beripdir. Daýhanyň bu sözleri ýaşlykdaky endigine görä, onuň zähmete bolan söýgüsini, sarpasyny aýan edip, zähmetsöýerligiň ähmiýetini alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Orta mekdeplerde mekdep okuwçylarynyň arasynda ýörite zähmet sapaklaryndan oglanlara ussaçylyk işleriniň, gyzlara bolsa, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň we aşpezlik sungatynyň öwredilmeginiň hem, ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. Bu bolsa, ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini has-da berkidip, geljege bolan ynamyny artdyrýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösüp, edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras goýupdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar, hut şonuň üçinem her bir maşgalanyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň borjy edebi mirasymyzdan, şöhratly taryhymyzdan, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alyp, ýaş nesillerimizi döwrebap terbiýelemekden ybaratdyr.

Terbiýäniň ýene bir görnüşi – köp kitap okamaga bolan söýgini döretmek, kitap okamagy endik etmegi öwretmek bolup durýar. Akyldarymyz Magtymguly Pyragy bu barada “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýip belleýär. Ýaş nesillere entek çaga döwründen kitap hakynda düşünje bermek maksadalaýykdyr. Bu ýaşda ertekili kitaplar okalyp berilýär we çaga okamagy öwrenende, ol erteki okamaga höweslendirilýär. Pähimdar ata-babalarymyz kitap okamagy wesýet edipdirler. Şonuň üçin hem pederlerimiz kitap hakynda ençeme nakyllary döredipdirler. “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora”, “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap – geçeni, geljegi öwredýän dana”, “Kitap okaýanyň ruhy baý”, “Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir”, “Ýüz okasaň, ýat bolar, müň okasaň, binýat bolar”. Şeýle nakyllaryň özi hem çuňňur paýhas bolup, her bir ynsana uly täsir edýär. Bularyň hemmesi akyl-paýhas ummanydyr.

Kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde, halkymyzyň halk döredijiliginiň dürli görnüşlerine gyzyklandyrmagyň ähmiýeti uludyr. Halk döredijiliginde ata-babalarymyzyň asyrlardan asyrlara geçip gelýän gymmatly durmuş tejribesi beýan edilýär. Rowaýatlar, tymsallar, nakyllar terbiýeçilik işinde deňsiz-taýsyz öwüt-nesihat guralydyr. Adamzat durmuşynda gabat gelýän dürli ýagdaýlardan, meselelerden söhbet açýan rowaýatlardaky wakalar ýaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Olardaky düşünjeler, pikirler ynsan gatnaşyklaryny, halallyk, dogruçyllyk ýaly ýagşy ýörelgeleri öwredýär. Belent adamkärçiligi öwüt edýän rowaýatlaryň, tymsallaryň düýp manysy, esasan, milli ýörelgä esaslanýan terbiýe mekdebini kemala getirmek bolup durýar. Çagalykdan perzentlerimize pähim-parasatly nakyllaryň, atalar sözleriniň, matallaryň, ýaňyltmaçlaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň, dürli mazmunly hikmetleriň manysyny öwretmek, ýat tutdurmak, çuňňur düşündirmek, öwrenmäge endik etdirmek milli terbiýämizde häzirki wagtda hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Umuman, ýagşy gylyk-häsiýetlere, gowy hereketlere ýaşlykdan endik etmek häsiýetiň özenidir. Endigi öwrenmek, özleşdirmek, oňa uýgunlaşmak ynsan üçin mynasyp başarnyklaryň biridir.

Ýaşlarymyzy milli gymmatlyklarymyza, maşgala mukaddesligine hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin !

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar