BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ KÄMIL ÝAŞLARY – BAGTYÝAR GELJEGIŇ BINÝADY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäher Geňeşi şäher häkimligi, etrap-şäher prokuraturasy, etrap-şäher kazyýeti, etrap-şäher polisiýa bölümi, şäher bilim bölümi bilen bilelikde, şäheriň 9-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil ýaşlary – bagtyýar geljegiň binýady” atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak barada giňişleýin wagyz edildi.

Meňzeş habarlar