Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gumdag şäher Geňeşi, Gumdag şäher Bilim bölümi bilen bilelikde Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Gumdag şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda şäherimiziň kiçi ýaşly mekdep okuwçy oglanlarynyň arasynda, olaryň ýaş zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen “Merdana nesil-2022” atly şadyýan bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige gatnaşan okuwçy oglanlar berlen şertler esasynda ukyp-başarnyklaryny goşgylaryň, şorta sözleriň we aýdym-sazlaryň üsti bilen ýüze çykardylar. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, 5-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Nazarow Rahmet birinji orna, 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Saparow Jeýhun ikinji orna, 6-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şirgulyýew Emir üçünji orna mynasyp boldular. Çäräniň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Gumdag şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de bu bäsleşige gatnaşanlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň berk bedenli bolup ýetişmekleri we döwrebap bilim almaklary üçin döredip berýän mümkinçiliklerine tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdyp geçdiler.
Gülşat GULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Gumdag şäher
Geňeşiniň başlygy.