“REŇBE-REŇ GÜL AÇAR ÝAŞYL ÝAÝLASY”

Güýzki bag ekmek möwsümine badalga bermek bilen baglanyşykly 5-nji noýabrda Balkan atçylyk sport toplumynyň golaýyndaky meýdançada geçirilen ählihalk dabarasy Balkan welaýatynda hem ýokary ruhubelentlikde geçirildi. 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Balkan welaýat häkimligi, welaýat jemgyýetçilik guramalary, welaýat hukuk goraýjy edaralary, edara-kärhanlarda zähmet çekýän ýaşlar, talyplar, ýaşaýjylaryň müňlerçesi agaç nahallaryny oturtmak üçin öňden taýýarlanyp goýlan ýerlerde guralan ählihalk bag ekmek dabaralaryna uly hyjuw bilen gatnaşdylar. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak üçin saýlanyp alnan ýerler, sözüň doly manysynda, baýramçylyk keşbine beslendi. Sebitiň ähli şäherlerinde we etrap merkezlerinde hem ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Medeniýet işgärleriniň çykyşlary adamlara ruhy lezzet paýlady. Seýrek duş gelýän muzeý gymmatlyklaryndan, senetçilige, amaly-haşam sungatyna, el işlerine degişli gurallardyr taýýar önümlerden, ýaşajyk bag nahallarynyň we gülleriň dürli görnüşlerinden guralan sergiler aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmagyň ýaşuly nesliň wekillerine hem-de şol gün durmuş toýuny toýlaýan ýaş çatynjalara ynanylmagy ählihalk dabarasyna gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Bu il-ýurt bähbitli çäräniň dowamynda welaýatyň ähli künjeklerinde ýaşuly nesliň wekilleriniň çagalarydyr agtyk-çowluklary bilen şahsy hojalyklarynyň mellek ýerlerinde miweli we saýaly  baglaryň nahallaryny oturdýan pursatlaryny synlamak bolsa has-da täsirli boldy.Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, bagy-bossanlyga bürenmegi üçin gijesini gündiz edýän Arkadagly Serdarymyza Alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR