Aladaňdandan tä giç agşama çenli şol bir işdi. Şol bir wakalardy. Kolhozçylaryň ählisi iş bilen başagaýdy, asyl gürleşjek, degişjek, gülüşjek bolýanam ýokdy. Ýazlagda adam köpem bolsa, ylla ýok ýalydy, dym-dyrslykdy.
Mälikguly bu günem aladaňdan oýandy. Töweregini synlady. Onuň ilki nazarynyň kaklyşany gaýradan gelýän arkasy çagşylly adam boldy. Ol gaty daýaw bolmaly. Sebäbi onuň göterip getirýän çagşaly azym-küjüm däldi, edil depe süýşen ýaly bolup gelýärdi ol.
Gelýän Bibi gyşyk bolmaly. Hakykatdanam, şol eken. Olaryň kümesi Mälikguly dagynyň kümesinden dört küme gaýradady. Mälikguly orta- dan pes boýly Bibi daýzanyň dynç alman, haýdap işleýşine haýran galyp serederdi. «Bibi daýza ýadamaýarmyka? Ol haçan dynç alýarka?» diýip oýlanýardy.
Mälikgulynyň nazary kümeden ýigrimi-otuz metrlikdäki pyşdadaky çalam-çaş edilen çatylarda saklandy, biygtyýar şol ýere bardy.
Birgiden zaýaçylyk. Ýaňy sarygan kaklar pyşdada guma garylyp ýatyrdy.
Ogulbäbek eje-de ýetip geldi. Guma bulaşyp ýatan sarygyşan kaklary düzedişdiren çatylarynyň üstüne çykaryp ugrady.
– O görgüli özüniň senden asgyndygyny şin- dem boýun alyp bilmän, öz-özüni örtäp ýör-ow – diýip, Ogulbäbek eje kaklary kakyşdyryp çatydan asmasyny dowam etdirdi. – Düýn seni ýaşulurak, abraýlyrak adamlaryň biri onuň ýanynda öwen bolmaly.
Mälikguly ejesiniň bu sözlerine biçak geň galdy. Ol bu zatlary nireden bilýärkä?
– Düýn başlyk künji orýan ýerimize bardy. Salamlaşdy. Soňam ala-böle maňa: «Sag bol, Mälikguly!» diýdi.
– Bu iş şol sagbol üçin bolmaly.
– Eje, siz kim barada aýdýarsyňyz?
– Permanyň ogly hakda.
– Onuň maňa bassaşlyk edýändigini siz nireden bilýärsiňiz? Size kim aýtdy?
– Wiý, kim aýdar öýdýärsiň? Bibi daýza aýtdy.
– Eje, men geň galýaryn: Bibi daýzanyň biriniň sözüni diňläp duranyny ýeke gezegem göremok. Mydama özi gürleýär. Gezek bermän tä gidýänçä gürleýär. Onsoň ol ili diňlemän, obanyň ähli habaryny nädip jikme-jik bilýärkä? Şuňa teý düşünip bilemok.
– Adamsyndan eşidýän bolaýmasa, men-ä nireden eşidýänini anyk bilemok. Ýöne oba adamlarynyň içdimagyny, gylyk-häsiýetini, düýn näme edendigini, näme diýendigini ähli jikme-jikligi bilen bilýändigi-hä hak. Esasy gürrüň-ä, ýalňyşmasam, adamsyndan eşidýän bolmaly. Görýärsiň-ä ol oňly işiň başyny tutman, meslekdeş tapynyp, dilini zuwwa-zuwwa çykaryp, lik-lik gülüp oturandyr, özem adam ogluna göwni ýetýän däldir. Kimiň adyny tutsaň tutaý, şoňa hökman at dakar. Men bu wagta çenli Pudagyň ogly köşeşendir öýdüp ýördüm.
– Kakamyň urşa giden güni Altyn mugallymymyzyň ejesi agyr syrkawlapdyr, şonda onuň okadýan ikinji klasynda men sapak geçmeli boldum. Muny menden Altyn mugallym bilen Bibisoltan mugallym haýyş etdi. Şirmämmet meniň ikinji klasyň okuwçylaryny okadanymy halamandyr. «Sapagy sen däl-de, men geçmeli» diýýär.
– Eşitdim, balam, eşitdim.
– Bä-ä, şu zatlaram Bibi daýza bilýär diýseňizläň.
– Bilýär.
– Eje, Şirmämmet näme üçin maňa bassaşlyk edýärkä? Men oňa hiç zat diýemog-a.
Ökde bolsaň, il içinde abraýyň artsa, muňa ähli kişi begenmeýär. Arasynda Permanyň ogly ýalylar hökman tapylýar. Ähli kişi birinji, özgelerden artyk bolmak isleýär. Bu adamyň ganynda bar. Eger özünden ökdäni görse-de, ony gözi bilen iýäýjek bolýar. Bassaşlyk soňy bilen göriplige, göripligem bahyllyga sapýar. Ökde, abraýly boldugyň, gürrüňsiz, bassaş, görip gazandym hasap edäýmelidir. Seniň bassaşyň gowy. Ol eden işini senden ýaşyrjak bolup duranok. Ýöne kakaň bassaşy has misginlik bilen ýamanlyk edipdir. Ine, iň ýamany şu. Ýüzüňe gülüp bakyp, halymsyraýan, mähribansyraýan, dostsyraýan adama ynanylýar. Bir seretseň, ol seniň mähriban dostuň, seniň üçin hiç hyzmatyny gaýgyranok, ýürekdeş gürleşýär. Onsoň senem oňa ýüregiňi açýarsyň. Ol bolsa içiňdäki oý-pikirleri bilip, seniň özüňden ökde bolmazlygyň, aýak astyna düşmegiň üçin ýamanlyk baryny edip ugraýar. Senem bu tapgyr-tapgyr ýamanlyklaryň eziz hasaplaýan dostuňdan gelýändigi barada eger-eger pikirem edeňok. Biri hakykaty aýtsa-da, sen oňa kes-kelläm ynanmaýarsyň. Kakaň söwer dostunyň Daşkende okuwa gidilende resminamalary ýok edendiklerini eşitdiň-ä. Hemmesi bir ýerde duran resminamalaryň içinden kakaň resminamalaryny aýryp alyp, bir ýere taşlan onuň eziz dostlarynyň biri. Kakaň bu ýamanlygy eden dostunyň kimdigini başda bilmändir-ä. Gaýtam bir bigünä dostuna nähak müňkür bolupdyr. Garagum kanalyna işe girjek bolanda-da kakaňa ýamanlyk edipdirler.
Näme üçin? Bar sebäp kakaň öz dostlaryndan bir gez pähim-paýhaslylygynda. Haýsy okuwa barsa, abraý bilen okajaklygynda, özem dostlarynyň arasynda görnetin gowy okajaklygynda, hormatlanjaklygynda. Bassaş hem muny islemeýär. Ýöne kalbyň päk, özüň halal bolsaň, bassaş menziliňden seni saklap bilmez. Halallygyň, päkligiň arkasynda Alla durandyr. Ol halal hem päk adamlary mydama goldaýandyr. Uly-uly derejelere ýetirýär. Halallyk bilen päkligi ýaran edilip, maksadyňa yhlas siňdirseň, Alla seni hiç wagt hem katumyt goýanok. Permanyň ogly ähli zadyň aňyrsynda Allanyň durandygyny bilenok. Magtymguly atamyz aýdypdyr ahyryn:
Algyn pendim, akmak kişi,
Özüňe kylma käýişi,
Götermese döwlet guşy,
Uçup bolmaz per biläni.
Zehinli bolmak gowy zat. Ganatyň barlygy en- tek uçjakdygyň kepili däl...
Mälikguly ejesiniň sözlerini geňirgenip diňledi. Sebäbi ol henize-şu güne çenli häzirkisi ýaly açylyp gürlemändi.