Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki 12-nji orta mekdebinde okap bilim alýan okuwçylaryň arasynda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly okuwçylar siz Watanymyzyň gelejegi, dowam-dowamaty bolup durýarsyňyz. Siziň ýokary ahlakly, adamkärçilikli, ilhalar, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegiňiz ata-eneleriňiz üçin hem, Watanymyzyň gelejegi üçin hem zerurdyr. Şonuň üçin hem siz edep-tertibiňizi, saglygyňyza, beden hem ahlak arassalygyňyza uly üns bermelisiňiz. Başarnykly boluň, hünär öwrenmäge yzygiderli üns beriň. Türkmeniň taryhyna ser salanymyzda hem biziň ata-babalarymyz hem ýaşlarymyzyň mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleriň bolmagy üçin dünýä nusgalyk bolandyklaryna göz ýetirýäris. Biz hem şol ata-babalarymyzyň ýol ýörelgelerinden nusga almalydyrys diýip okuwçylara ýüzlenmek bilen sözüni jemledi.