Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 19-njy noýabrnda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdepde okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli «Ýaşlar-geljegiň çyragy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýaş nesliň uly toparyny özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlaryň durmuş ýörelgesine öwrülen milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň has-da kämilligini gazanmagyny alyp barýan köpugurly işleriniň özeninde goýýar. Şunda Arkadagly Serdarymyzyň ilhalar başlangyjyndan ugur alyp, ýaş nesliň aňynda “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini ýokarlandyrmak, ony gözüň göreji ýaly goramagy, ýürekden söýmegi terbiýelemek esasy wezipe bolup durýar.
Duşuşyk şular dogrusyndaky täsirli söhbetlere baý boldy. Onuň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýarlygy babatda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri ýaňlandy.