SAGDYN BEDENLI ÝAŞLAR, RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi, Ahal welaýat Baş bilim müdirligi hem-de degişli hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramaklarynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň düşünjeli, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny hem-de maşgala mukaddesligini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, “Sagdyn bedenli ýaşlar, röwşen geljegimiziň binýady” ady bilen, Ak bugdaý etrabynyň Takyk ugurly we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiniň mugallymlary we ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bilim işgärleriniň we ýokary synp mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşyk eziz Diýarymyzyň ajaýyp ösüş-özgertmelerini, milli ýol-ýörelgelerimizi, medeni we maşgala gymmatlyklarymyzy wagyz-nesihat etmek maksat edinildi. Bu wagyz-nesihat duşuşygynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Çykyş edenler gündelik durmuşymyzda bolup geçýän şatlykly habarlar, taryhy wakalar, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler barada aýtmak bilen, ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde bilim işgärleriniň ornuna ünsi çekdiler. Çykyşlaryň barşynda asyrlaryň dowamynda gymmatyny ýitirmän dowam edip gelýän milli gymmatlyklarymyz, däp dessurlarymyz, ýörelgelerimiz barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi. Maslahata gatnaşyjylar täze taryhy döwrümizde Watanmyzyň ajaýyp ösüşlerine guwanyp ýaşamagyň, zähmet çekmegiň çäksiz bagtdygyny belläp, şeýle baky bagtyýarlygy peşgeş beren Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Annamuhammet GULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA