Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň M.Seýidow adyndaky 4-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maşgala durmuşymyzyň özeni bolup, onsuz jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Maşgalaňy söýmek, ony agzybir saklamak – ýaşaýan ýurduňy, döwletiňi, Watanyňy söýmekdir. Birek-birege düşünýän hojalyk bagtly hasap edilýär. Çagalar maşgalada uly bilen gepleşmegiň, myhman garşylamagyň, goňşy-golam, dogan-garyndaşlar bilen gatnaşyk etmegiň, mugallymy diňlemegiň, köpçülikde özüňi oňat alyp barmagyň ýollaryny öwrenýärler. Duşuşyk şular dogrusyndaky söhbetlere baý boldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda her bir maşgalanyň sagdyn, agzybir bolmagynda döwlet tarapyndan bimöçber aladalar edýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşi
«MAŞGALAM – BAŞ GALAM»
23 Noýabr 2022
1912

Meňzeş habarlar
19 Iýun 2025
| 21 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ETRABYMYZYŇ GALLAÇYLARY ZÄHMET ÝEŇŞINI GAZANDYLAR
18 Iýun 2025
| 65 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER
04 Iýun 2025
| 157 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>