16-njy awgustda hor matly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyza ilki bilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri hem-de gazanylan ylalaşyklar barada hasabat berildi. Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde gözegçilik edýän edaralary tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň hem-de ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň gazanan üstünlikleri görkezildi, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada birnäçe tanyşdyryş çäreleri geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda aýdylan teklipleriň ählisini içgin öwrenmegiň hem-de olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baş tutanymyz esasy maliýe edaralary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagy öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa pudagynyň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Forumyň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanlynyň polimer zawody we Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawody ýaly önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklary dogrusynda aýdyldy. Halkara ähmiýetli wakalaryň çäklerinde guralan birža söwdalarynda nebitgazhimiýa önümlerini satyn almagyň umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna barabar bolan geleşikler baglaşyldy. Daşarky bazara 460 müň tonna nebit önümleri, 18 müň tonna suwuklandyrylan gaz, 130 müň tonna ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benzin ýerlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Hazar sebitiniň halkara ykdysady gatnaşyklarynda, şol sanda dünýä ähmiýetli baý nebitgaz gorlary bilen wajyp orun eýeleýändigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatynyň önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmek, täzeçil usuldaky nebit we gazhimiýa toplumlaryny gurmak, taýýar önümleriň dünýä bazarlaryna ugradylýan mukdaryny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň paýtagt şäherini mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak, Aşgabatda önümçilik hem-de durmuş medeni maksatly desgalary gurmak, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, energetika hem-de jemagat gulluklarynyň utgaşykly işini üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, tehnikalar üçin zerur ätiýaçlyk şaýlary satyn almak baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz önümleri getirijileri seçip almak hem-de şertnamalaryň şertleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek babatda görkezmeleri berip, köçelerde hem-de binalara ýanaşyk ýerlerde arassaçylygy saklamagyň döwrebap tehnikalary netijeli ulanmakdan başgada, baglara yzygiderli ideg edilmelidigini hem göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Munuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň abadançylygyna toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra milli Liderimize «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň hem-de onuň çäklerinde guralan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça senagat-kommunikasiýa toplumy tarapyndan amala aşyrylan işler barada hasabat berildi. Hasabata görä, degişli düzümler daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň barşynda ulag, senagat-kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ugurda ikitaraplaýyn resminamalaryň 17-sine gol çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geçirilen çäreleriň jemlerini içgin seljermegi, senagat we ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, täze bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyza «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň edaralarynyň birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiren çäreleriniň netijeleri barada hem habar berildi. Forumyň we halkara derejeli geçirilen sergileriň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleri bilen bilelikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de pugtalandyrjak gepleşikler geçirildi, geleşikler baglanyşyldy. Şeýlelikde, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäginde geçirilen birža söwdalarynda geleşikleriň 256-sy hasaba alnyp, jemi ABŞ-nyň 380 million 179 müň 180 dollaryna barabar bolan we 43 million 96 müň 600 manat bolan harytlar ýerlenildi.
Şol bir wagtyň özünde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň 300-e golaýynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda işewür duşuşyklar geçirildi. Şonuň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, onuň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen wezipelere laýyklykda, hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnamalaryň 15-sine we beýleki resminamalara gol çekildi.
Hazar ykdysady forumynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna birža söwdalarynyň ýokary guramaçylyk derejesini tassyklaýan ISO halkara hil güwänamasy gowşuryldy. Şeýle hem serginiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Germaniýanyň «Messe Frankfurt» kompaniýasy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasy hem-de sergi senagatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigi tarapyndan degişli diplomlar bilen sylaglanyldy.
Umuman, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça halkara resminamalaryň 60-a golaýyna gol çekildi. Şolar maglumat tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe pudaklary, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba hem-de suw hojalygy, sport we beýleki ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Awazada gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi hem-de hyzmatdaşlygy we onuň çärelerini işjeňleşdirmek boýunça möhüm ugurlara ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçiriljek biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasy hödürlendi. Biraýlygyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegine ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlarynyň işjeň çekilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şeýle toparlaryň mekdepleriň ýanynda nobatçylygyny guramagyň zerurdygyny belläp, çagalaryň arasynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi ýollarda hereket howpsuzlygy boýunça bilimiň, başarnygyň bitewi ulgamynyň kemala gelmegini üpjün eder.
Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyza bu baýramçylyk mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hasabatynda-da aýdyň duýulýar.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň we Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine gatnaşyjylara ýurdumyzyň oba hem-de suw hojalygynda ýetilen sepgitleri, şeýle-de öndürýän ýokary hilli önümleri we daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa babatda ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Umumy bahasy ABŞ-nyň 251 million 371 müň dollaryndan gowrak bolan oba hojalyk önümleriniň eksporty bilen baglanyşykly resminamalaryň 10-syna gol çekildi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça GDA-nyň tohumçylyk meseleleri baradaky Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň, kompaniýalaryň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen gepleşikler geçirildi.
Şeýle-de hormatly Prezidentimize oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, ýurdumyzyň sebitleriniň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berildi. Häzirki döwürde welaýatlarda gowaçanyň hatarara bejergisi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda üstünlikli geçen forum diňe bir Hazarýaka ýurtlar üçin däl, eýsem, beý leki döwletler üçin hem taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylaryň sanawy, onuň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi hem-de «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisi we 58 ýurduň wekiliýetleriniň, halkara guramalaryň 39-synyň wekilleriniň, 50 döwletden gelen işewürleriň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäreler, şeýle-de duşuşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hazar ykdysady forumynyň dowamynda ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, maliýe, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy, maglumat tehnologiýalary hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyga degişli resminamalaryň 57-sine gol çekildi. Türkmen tarapyna birnäçe halkara diplomlar we güwänamalar gowşuryldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň başlangyjy esasynda guralan Hazarýaka döwletler üçin möhüm ähmiýeti bolan birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde köp sanly dürli çäreleriň, şol sanda Halk Maslahatynyň mejlisiniň, «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň jemini jemlemek çäreleriniň, Garaşsyzlyk baýramynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň bardygyny aýdyp, şolaryň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
20.08.2019ý.